Hemişe hemaýat goluny uzadyň!
Bir goja oda gaçyp, çürşüp barýan ýylany halas etmekçi boldy. Haçan-da ýylany otdan çykaranda, ol gojanyň elinden çakyp, çydap bolmajak yza berdi. Goja ýylany ýere taşlanda, ol ýene-de oda düşdi. Şonda goja ýylany taýak bilen otdan çykaryp, ölümden halas etdi.
Bu wakany synlap duran şägirtleriniň biri oňa hormat bilen şeýle diýip ýüzlendi:
― Halypam, ýaňky ýylan sizi çakdy. Özüňize şeýle ejir beren jandary näme üçin halas etdiňiz?
― Bu jandarlar çakmak üçin ýaradylandyr. Ýöne olaryň bu häsiýeti meniň heläk bolýana goldaw bermek ýörelgämi üýtgetmeli däldir. Kimdir biriniň ejir çekdirendigi üçin kynçylyga düşeni halas etmek ýoluňyzdan dänmäň! Rehimdar hem-de geçirimli boluň, ýöne özüňizi goramagyň hem aladasyny ediň! ― diýip, jogap berdi.
Tomas Edison
Bir sapar ýaş Tomas Edison mekdepden gelip, ejesine mugallymyň iberen hatyny gowşurypdyr. Ejesi gözlerine ýaş aýlap, haty sesli okapdyr: «Siziň ogluňyz ― uçursyz zehinli! Onuň bilim derejesine we zehinine görä sapak bermek üçin mekdebimizde mugallymlaryň ýokdugy sebäpli ogluňyzy özüňiziň okatmagyňyzy haýyş edýärin».
Ejesiniň aradan çykanyna köp ýyl geçenden soňra (şol döwre çenli ol asyryň iň meşhur oýlap tapyjylarynyň biridi) alym bir gezek maşgala arhiwini gözden geçirip otyrka, şol hatyň üstünden barypdyr. Ol haty açyp okapdyr: «Siziň ogluňyz akyl taýdan yzagalak. Biz ony mundan beýläk mekdepde beýleki okuwçylar bilen bile okadyp bilmeýäris. Şol sebäpli ony öýde özbaşdak okatmagy maslahat berýäris».
Tomas Edison haty okandan soňra birnäçe sagatlap gözýaş döküpdir. Soňra gündeligine şeýle ýazgy ýazypdyr: «Tomas Alwa Edison akyl taýdan yzagalak çagady. Ol özüniň gahryman ejesiniň tagallasy bilen öz döwrüniň iň zehinli adamlarynyň biri boldy».
Taýýarlan Arzuw SAPAROWA,