elya
25.09.2023 21:39

Nämüçin sen hakda oýlanyp ýörün,

Duýgulam goýanok erkime meni.

Aslynda sen maňa ýöne bir tanyş,

Dymmalygyň bilen örteme meni.


Nämüçin sen hakda oýlanyp ýörün,

Göz öňüme getirýärin keşbiňi.

Hyýalymda seň mähriňi küýsedim,

Çünki sen bezeýäň köňül köşgümi.


Nämüçin sen hakda oýlanyp ýörün,

Göwnüme ýüregim saňa has ýakyn.

Käte seniň bilen görüşen wagtym

Senden aýra düşmek maňa has-da kyn.


Bahargül Mejidowa

56
68
dmoo
25 Sentýabr 2023
Dogrydanam gowy goşgy bir zady bilýän gyz söýgisini icinde saklasa hasda gözelleşýä
fasat
25 Sentýabr 2023
Ýalňyş diýýänlere jogap👈 Goşgyň içine Ýüregi bilen giren düşüner!!! elya goşgy gowy⭐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.