Birinji jahan urşunyň sebäpleri, bahanasy we başlanyşy.
Urşuň sebäpleri. Bazar ykdysadyýetiniň çalt ösmegi haryň çykarar ýaly giň
bazarlary, çig-mal çeşmelerini talap edýärdi. Öňde baryjy döwletleriň barha köp bakna44
halklary edinesi gelýärdi. Bazar ykdysadyýetine ýaňy gadam basan ýaş döwletler hem
bakna paýlaşykda paý berilmegini talap edip başladylar. Şeýlelikde, döwletleriň
arasynda paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrunda göreş başlandy. Bu göreş
birnäçe dawalara, harby çaknyşmalara, iň soňunda bolsa jahan urşunyň başlanmagyna
getirdi (seret §7!).
Urşa bahana. Ýewropada “üçler bileleşigi” we Antantanyň arasyndaky gapma-
garşylyklar 1914-nji ýyla çenli ýetjek derejesine etdi. Germaniýa garşydaşlary bilen
deňeşdirende özüni has taýýarlykly hasap edip, urşa bahana agtaryp başlady. Şeýle
bahana tapyldy.
Balkan ýarym adasyndaky birnäçe asyrlaryň dowamyndaky dawalar urşuň
döremegine sebäp boldy(seret §8!). Germaniýa ýaly güýçli döwletden arka tapynan
Awstro-Wengriýa, onuň maslahat y bilen slawýanlaryň, awstriýalylaryň agalygyna
garşy milli azatlyk hereketini basyp ýatyrmak isledi. Serbiýa bu döwürde Bosniýany
özüne birleşdirmek isleýärdi. Serbiýanyň bu matlabyna Awstro-Wengriýa garşydy.
Şonuň üçin Awstro-Wengriýa Serbiýanyň serhetlerine ýakyn ýerlerinde harby tälim
okuwlaryny geçip başlady.
Harby tälim okuwlarynyň 1914-nji ýylyň hut 28-nji iýunynda başlanmagy,
serbleriň milli däp-dessurlarynyň üstünden gülmek üçin edilen ýaly boldy. Çünki, 1389-
njy ýylyň 28-nji iýunynda türkler serbleri uly ýeňlişe sezewar edip, şol günden soň
Serbiýa türkleriň gol astyna düşüpdi. 28-nji iýun serblerde milli matam güni hökmünde
bellenilýärdi. Awstro-wenger tagtynyň mirasdüşer şazadasy Frans-Ferdinand aýaly
bilen 28-nji iýunda Bosniýanyň merkezi Saraýewo gelipdi. Harby tälim okuwynyň
açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin, şäheriň merkezi köçesinden üsti açyk maşynda
barýarka, olaryň ikisi-de serb milletçisi tarapyndan öldürildi. Bu sapançadan atylan
ýeke ok soňra dünýäni sarsdyran jahan urşunyň başlanmagyna, millionlarça oklaryň
atylmagyna bahana boldy.
Urşuň başlanyşy. Awstro-Wengriýa Serbiýa garşy urşa taýýardy. Emma ol
serbleri Russiýanyň goldamagyndan gorkýardy. German imperatory Wilgelm II oňa
serblere temmi bermegi maslahat berdi. 1914-nji ýylyň 23-nji iýulynda Awstro