seljukly
25.09.2023 08:25

GOWŞUTGELDI DAŇATAROW

ÇORY GÜLKÜSI

Hekaýa

Bu tragediýa eýýäm geçmişiň saralyp giden sahypasy. Muny maňa

gürrüň berenlerem dünýeden ötdüler. Olara-da «köneler» gürrüň

berenmiş. «Ýagşy edep – ýagşy däp, ata-baba döwrebap» diýipdirler.

Gürrüň bermek gezegi meniňki.

Ony dokuz ýaşyndaka, çorluja goşaryndan tutup, Atabaý tümen diýilýän

adamyň gapysyndan getiripdirler. Sekiz ganat ak öýüň içine

girenlerinden Bibigözel ony elinden çekip çökerdi. Üç heleý başyny

gepiň kölüne çümdürenlerindsn, gyzjagaz törde ýatan esgi gurjaga

topuldy. Emma ýetip-ýetmänkä ýagyrnysynyň gözüne bir hepde bäri

tanyş şarpyk ýelmeşdi.

-Bar daş çyk, ýer çeken!

Dulda süýnüp ýatan kempiriň gyryk sesi gyzjagazyň yzyndan daş işikde

ýetdi.

-Berekella, Bibigözel, “Çory gülküsiniň muzdy – amanady” diýlendir.

Gülüp-yşdyrsaň, başyňa çykar.

Hamsygyp durşuna, özi hakynda edilýän sowukdan perwaýsyz

gürrüňlerem eşitdi.

-Nireden tapyp ýörsüň gyz, bi aýylgançja zady?

-Ýetimek-ýesirek gahatçylygy barmy? Seňki bir akar aryk. Çoryň bor-

da, gyz! Hanalyň Hywa ýaly ýere gidip, at münüp, atam gomlap, at

üstünde satan gomlap getiren sowgady şol. Hudaý bilsin, humara

goýlupmy, neşebent tutedipmi?

-Ady name?

-Kim ony soran? Çorly diýip ýörüs.

Şeýdip, onuň ady Çorly boldy. Atabaý tümeniň aýaly Ýegensoltanyň

eline düşdi. Çorluja-da bolsa, düşbüje gyz Ýegensoltan ýekeje gezek

buranda özüniň bu öýde kimdigini aňdy.

Baý öýüniň tur-otury gytmy? Älemiň tärimýeri gyzarmanka hyzmata

barmaly, Ýedigen agýança-da kellesi ýassyga ýetmez. Edip bilmeýän-ä

işiň bolmaly däl, ýöne ojagyň külüni atmanam ynanýan däldirler. Küle

garyp, bir zatlaryny zyňaýjak ýalysyň. Tümeniň özünden özgesi gün

ýaşdygy Çorlusyz iki ädim zeruryna-da gidibilmez, ýöne öýüň içinde

hersi birÇorla gutulma ýok ölüp sypaýmasa... Ýöne ölüp «o dünýe» diýilýäne

baraýaňda-da, Ýegensoltansyz ýaşap boljagyna hiç kimiň kepili ýok.

Ejiz bolsaň, ýagyň kän, erksiz bolsaň – ganymyň. Atabaý tumeniň bir

garry ejesi bardy. Ýüzüne «Eneş ene» diýýäler, ýeňsesinden: «ol

ölmängiden». Çorlynyň şu gapa geleni indi alty ýylyň ýüzi, şol günlerem

«heläk-heläk» diýip ýördiler. Henizem üzülibilmän ýatyr. Galyň-galyň

heleýler soramaga gelseler, ýüzüne «Tüweleme, ýüzüň-gözüň bir oňat

goýaweriň, siz bir ölmäweriň, gelsek-gitsek köne ýüz» diýen bolýarlar.

Onda-munda-da: «Güna daşy ýaly bolup, gap duly saklap ýatyr, ýaradan

kyýamat azabyny şu ýalançyda görkezjek oňa» diýýämişler. Ýöne

oglunyň arkasyndan Eneş tümençe henizem demi bilen haraz

ýöredýärdi. Aýdany edilmese... Beýle ýagdaý heniz bolubam görmändi.

Ine, şol mejalsyz, hökümli kempiriň ähli hyzmatyny Çorly edýärdi.

Ýöne ol tekepbir aýal özüniň artykmajyny-hapasynam Çorlynyň

aýyrýanyny kän halap durmaýan borludy. Kişä keşigi duşýän adam

uýala-gorkarak daraşaýjak ýaly. Emma bi heleý beýle däldi. Bu heleý

tohum heleýmiş! Äriniň ady («Aksakgalymyz» diýip adyny tutan

bolýar) Sapar tümenmiş, gaýyn atasy Serheň tümenmiş, ondan aňyrsyny

Çorly tapybam biljek dal. Onsuzam dünýe ýüzi bir daban. Barynyňam

adynyň «tümen-ä» bar. Garaz, aňyrlary bir uly bege direýärmiş. Ýedi

puşduny sanap, aryplap-taryplap, şol Çorlynyň ýüregini dyrmalap

oturandyr. Günde bäş düşegi çöp başyna serdirýän diýib-ä

müýnürgänok. Bi-de owarram, garry garga gagyldabersin-le weli...

Günde gürrüňiň soňy Çorla syrygardy. «Ejemi çala bilýän, kakam-a

göremogam» diýen juda agyr düşýän jümleleri günde gaýtalamaly

bolýardy. Bir zada jyny atlanan garry käte: “Seň kakaň kimdigini bir

ejeň bilýän bolaýmasa...” diýip, çökder-çökderem diýäýerdi. Şo sözleri

aýdanda, özüniň boglup öldürilmeginiň tüfdanyndanam golaýdygyny

weli aňmaýardy. Çorly pursat araýan pişik ýaly, bir düýrügip goýardy.

Şu öýdäkileriň Çorlynyň somalyp duran süňklerine degip, eli

agyrmadygy bir Atabaý tümeniň özüdi. Ol gamçy bilen urardy. Seýrek,

ýöne göwnejaý. Beýlekileňki şilk-şilkräk, ýöne her ädimde. Sebäpli,

sebäpsiz, günäli, günäsiz, keýpiie, içleriniň ýangyjyna.

Ol özüniň ähli ýigrenjini köne kepbejigidir, tozgun ýorgany bilen

paýlaşardy. Hünübirýan aglardy. Onda-da assyrynja. Ýogsam: «Näme

waňkyryp ýatyrsyň?» diýip, gapa ellerine ilen zady zyňarlar. It çyňsasa

weli, hökman habar tutarlar. Goňur tümen (Bu olaryň itleriniň ady) ak

nandan hakly. Çorla tamdyryň agzyna arpa çörek ýapýalar o-da küle

gaçman, gataman duranok. Ýeke gezek kişmiş iýip gördi.

dowamy bar

18
162
sha98
25 Sentýabr 2023
On okadym gyzykly yone
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.