tyllayev_allanur
25.09.2023 08:25

Internet ulgamyna haýsy-da bolsa bir tema boýunça gözleg amala aşyrmak üçin ýüz tutsak, bize hödürlenilýän saýtlaryň sanawynyň başy köplenç halatda “Wikipedia” erkin ensiklopediasynda berlen maglumatlar bilen başlaýar. Aglaba ulanyjylar bolsa gözleýän maglumatlarynyň şol saýtdadygyna göz ýetireninden soňra derrew Wikipedianyň maglumatlaryndan peýdalanyp, işini tamamlaýarlar. Biz häzirki wagtda internet ulanyjylaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny göz öňünde tutup, Wikipedia barada bilinäýmeli zerur maglumatlary ýaşlara ýetirmegi makul bildik.


1.      “Wikipedia” internet ulgamyndaky iň uly maglumat çeşmesidir. Ol “wiki” (gawaý dilinde çalt diýmekligi aňladýar) we “pedia” (ensiklopedia sözüniň gysgaldylan görnüşi) sözlerinden emele gelip, hiç hili mahabatsyz, girdeji gazanmak maksady bolmaýan erkin ensiklopediadyr. Wikipedia 2001-nji ýylda Larry Sanger tarapyndan işlenilip düzüldi.


2.      Häzirki wagtda Wikipediada jemi 14 milliondan gowrak makala ýerleşdirilendir. Olaryň 3,1 million sanysy iňlis dilindedir.


3.      Wikipedia jemi 260 dilde ýazylan makalalary özünde jemleýär.


4.      Wikipediadaky maglumatlary täzelemek we olaryň üstüni ýetirmek işini dünýä boýunça 75000 sany ýazyjy alyp barýar.


5.      Wikipedianyň erkin ensiklopediadygy nazarda tutulyp, oňa islän adam hiç hili hasaba durmazdan maglumat girizip bilýär. Şonuň üçin hem dünýäde Wikipediada berilýän maglumatlaryň ygtybarlylygy barada dürli jedeller ýüze çykýar. Maglumatlaryň ygrybarlylygyny barlamak üçin Wikipedia ensiklopediasynyň aşagynde berlen çeşmeler bölümine ýüz tutulmalydyr. Eger-de, haýsydyr bir kompaniýa ýa-da gurama bilen baglanyşykly gözleg amala aşyrylýan bolsa, onda maglumatlary şol guramanyň ýa-da kompaniýanyň resmi saýtyndan almaklyk maslahat berilýär.


6.      Wikipedia saýty Wikimedia kompaniýasynyň önümi bolup, ilki başda ol telekeçilik maksatly işläp başlan hem bolsa, soňy bilen saýtyň salgysynyň yzyndaky “com” degişlilik belgisi “org” bilen çalşyrylýar. Bu bolsa Wikipedianyň söwda maksatly däldiginden habar berýär.


7.      Wikipedia girizilýän maglumatlar 1500 sany administrator tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Girizilen maglumatlar gözegçilikden geçirilip, soňra saýtda ýerleşdirilýär. Mysal üçin, teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň tertibi bilen baglanyşykly maglumat girizilen bolsa, şolaryň içinden iň ygtybarlysyny saýlap, saýta ýerleşdirýärler.


8.      Wikipedia her ýyl ortaça 690 million sany gözlege jogap berýär.


9.      Wikipedia guramasynyň agzalarynyň käbiri her ýylyň 15-nji ýanwaryny “Wikipedia güni” hökmünde belläp geçýär. Çünki 15-nji ýanwar Wikipedianyň döredilen günüdir.


10.  Wikipedia bitaraplyk syýasatyna esaslanýar. Bu ensiklopediada aýratyn hem jedelli temalar boýunça berilýän maglumatlar iki tarapyň hem öňe sürýän pikirlerini deň derejede okyjylara ýetirýär. Wikipedia ýeke täk bir ýurduň, ýeke täk bir milletiň, ýa-da aýratyn bir toparyň, synpyň ensiklopediasy däl-de, ol tutuş dünýä halklarynyň ýüz tutýan maglumat çeşmesidir.


Çeşme:

www.turkmenportal.com

22
93
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.