garamyratt
24.09.2023 08:49

Forumda şeýle gowy manyly sözler bn ýazylan goşgular kän, emma käbir meseleler şol goşgularyñ bahasyny gaçyrýa.

Setriñ soñky sozleriniñ kapiýa gelmesiniñ kadalara hemmelere düşnükli. Sözsoñy meñzeşiräk bolmaly. Meselem:

aýak-taýak, arman-derman-perman, söýdüm-köýdüm. Garaz şol elmydam dežurnyý duran sözlerden mysal.

Meñ düşünişimçe setirlerdäki sözleriñ bölünýan bogunlarynyñ hem jemi deñje gelse, goşgy owadan çykýa hem ýadatman, ýeñil okalýamyka diýýan. Mysal uçin:


Daş tö-we-rek ga-ra-lyp,

Meý-dan-da tu-pan tur-dy.

Şe-mal on-dan ar a-lyp,

Her ýa-na bu-lap ur-dy.


Her setirde 7 bogun. Elbetde siziñkide her setriñ bogun sany köprägem bolup biler. Men şahyr däl, sungaty söýýän adam. Atly şahyrlaryñ dürli formalarda ýazyp, dürli äheñde bize ýetirmek islåninem bilýän. Öwretmegem islämok, ýone oz pikirimi ýazdym.

Şu pikirimi men täze başlan şahyrlara añsatjak formada ýazyp öwrenmesi ücin peýda berermika diýip ýazdym. Soñ kämilleşensoñlar kynyrak görnüşlere geçibermeli. Şeýlemikä ?

16
55
2580
24 Sentýabr 2023
siz dogry aýtýaňyz menem size goşulýan
2580
24 Sentýabr 2023
dogry
arzuvym_talyp
24 Sentýabr 2023
Dogry
garamyratt
24 Sentýabr 2023
@awgust, k statii siziñ goşgylaryñyz maña örän ýaraýa.
fasat
24 Sentýabr 2023
Sag bol dost gaty dogry👍 Şu posty goýanyň jaý ýerine düşdi,Buny okamaly adamlar bar!!! Belki posty okap öz ýalňyşlaryny düzetjekler bardyr!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.