Bu adam ... detektiw hekaýa
..
Agşamara Edgor Kraft Seradagdaky dördünji ýolda çapyşyga gatnaşýan “Garagöz” atly ata iki ýüz dollar goýdy. “Şeýla” atly atyň ýeňiji boljakdygy çak edilipdi, emma ol ilkinji öwrümde bäsdeşlerinden yzda galdy.
Garagöz pellehana golaýlaýardy...Edgor Kraft ýaňybir utan pullaryny hasaplamakçydy, emma Garagöz üçürdikläp çapmaga başlady-da, pellehana ýeteninden soňra ýaryşdan çetleşdirildi. Kraft barça puluny utduryp, öýüne eli boş gaýtmaly boldy.
Elbetde, ertesi gün onuň keýpi juda erbetdi.
Garaşylmadyk wagty, şu hatlar geldi. Ol jemi alty sany hat alypdy. Ilkinji bäşisi, onuň heniz-henizler töläp bilmejek töleg talapnamalarydy. Şonuň üçin olary hem başky talapnamalar duran çekmä oklady. Altynjy bukjadan bolsa onuň bagtyna talapnama-da, karzyna alan awtoulagy bilen mebeliniň muzdsuz mejbury alynjakdygy baradaky duýduryşam çykmady.
Bukjadan ortasynda birnäçe söz ýazylan kagyz çykdy. Onda ilki biriniň at-familiýasy ýazylypdyr:
“Jenap Jozef G.NEÝMANN”
Aşagynda bolsa şeýle sözler bardy:
“BU ADAM ÖLSE, SIZ BÄŞ ÝÜZ DOLLAR ALARSYŇYZ”.
Onuň häzir degişme götermäge ýagdaýy ýokdy. Tutuş ýaryşyň dowamynda öňde barýan at pellehana golaýlanda üçürdikläp çapsa, elbetde adamyň keýpi zym-zyýat bolar. Ol kagyzyň arkasyna seretdi, kagyzyň ikinji tarapynda hiç zat ýazylmandyr. Haty ýene bir sapar okady. Bukjany aldy. Bukjada diňe Kraftyň at-familiýasy bilen salgysy, ýerli poçta bölüminiň möhüri bardy.
Kraft bolgusyz henek eden adama sögüne-sögüne bukjany jyrym-jyrym edip, zibildana oklady.
Soňky hepdäň dowamynda bu geň hat barada pikirem etmedi. Öz derdi özüne ýetikdi. Ol hiç-hili Jozef G.Neýmanny tanamaýardy, şoň üçin onuň ölüminden soňra bäş ýüz dollar aljakdygyna-da ynanmaýardy. Ol bu hat barada aýalyna-da hiç zat aýtmady. Şular ýaly garaşylmadyk miras hakynda algysyny sorap jaň edýän “Superfinans” birleşiginiň işgärine-de duýdurmady.
Ol aýlygynyň hiç zada ýetmeýändygy barada pikirlenýärdi. Iki gezek at çapyşygyna bardy, birinjide otuz dollar utdy, ikinjide ýigrimi üç dollaryny gidirdi. Jozef G.Naýmann bolsa bütinleý unduldy.
Günleriň birinde ikinji hat geldi. Ol bukjany açdy. Eplenen kagyzy aldy, kagyzyň içinde on sany elli dollarlyk pul bardy. Kagyzda bolsa şeýle söz ýazylypdyr:
“SAG BOLUŇ!”
Edgor Kraft iki hatyň arasyndaky baglanyşygy birbada aňlap bilmedi. Bäş ýüz dollar beýlede dursun, haýsy eden işi üçin sagbolsun aýdylýandygy barada-da kän kelle döwdi. Şo mahal ilkinji hat ýadyna düşüp, köçä ylgady. Gündelik gazeti satyn alyp, duýgudaşlyk sahypasyna göz aýlady.
Çyndanam uzak dowam eden hassalykdan soňra Park-Pleýsdäki 413-nji öýde ýaşan Jozef Genri Neýmann altmyş ýedi ýaşynda, ýerli hassahanada aradan çykypdyr. Onuň bir aýaly, üç çagasy, dört agtygy bar eken.
Kraft iki ýüz dollary alyp galdy, üç ýüz dollaryny bolsa bankda goýdy. Awtoulagyň nobatdaky tölegini, jaýyň kireýini, maýda-çüýde bergilerini berdi. Dogry, onuň bergileri henizem bardy, emma Jozef Genri Neýmannyň ölümi oňa biraz arkaýynrak dem almaga mümkinçilik beripdi.
“Superfinans” birleşiginiň işgäri karzyň belli bir möçberiniň tölenendiginden kanagatlanyp, ony birnäçe wagt bimaza etmedi.
Şol agşam Kraft aýaly bilen at çapyşygyna gitdi. Hatda aýalyna-da islän atyna pul goýmaga rugsat berdi. Kyrk dollaryny utdurdy, emma keýpi bozulmady...
Ýene-de näbelli hat geldi, haty açmady. Bukjaň üstündäki basma harplardan haty ugradanyň kimdigini bilip, birnäçe minut haty açman durdy. Ol sahy nätanyşyň bir zat soramagyndan we alan bäş ýüz dollarynyň öwezine nämedir bir zatlar etmeli boljagyndan gorkýardy.
Ahyry bukjany açdy. Hiç-hili haýyş ýazylmandyr — başky at-familiýa ýazylan ýönekeý kagyz:
“JENAP REÝMOND ANDERSEN”
Aşagyrakda şeýle ýazgy:
“BU ADAM ÖLSE, SIZ ÝEDI ÝÜZ ELLI DOLLAR ALARSYŇYZ”.
Soňky birnäçe güniň dowamynda Edgor Kraft jenap Reýmond Andersene hiç-hili erbetlik islemeýändigine özüni ynandyryp gezmeli boldy. Ol bu adamy tanamaýardy, ol barada eşidibem görmändi, oňa ölüm hem dilemeýärdi.
Emma barybir...
Her gün irden gazet alyp derrew duýgudaşlyk sahypasyny açyp, biygtyýar jenap Reýmond Anderseniň adyny agtarýardy. Ol her gezek içinden: “Men oňa ýamanlyk dilämok” diýýärdi. Emma ýedi ýüz elli dollar... Eger oňa bir zatjyklar bolsady, eline şonça pul ilerdi. Emma ol Andersene o dünýä gitmäge kömekleşmez. Ýok, ýok, kömek etmeli däl. Ýöne oňa bir zatlar bolsa...
“Bir zatlar” boldy. Bäş günden soňra gündelik gazetden uzak dowam eden hassalykdan soňra aradan çykan garry Andersene ýazylan duýgudaşlyk ýazgysyny okady. Onuň ýüregi çalt-çaltdan urdy. Özüni günäkär ýaly duýdy. Emma, näme üçin özüni günäkärlemeli? Ol erbet iş edenok ahyryn. Andersen ýaly hassa garryň ölendigi üçin bagtyýar bolmaly.
Ýöne, näme üçin, kimdir biri oňa ýedi ýüz elli dollar bermeli?
Emma berdi. Hat ertesi irden, ukusyz geçen gijeden soň geldi. Kraft gijäni hat geljekdigi-gelmejekdigi barada oýlanyp, o tarapdan bu tarapa, bu tarapdan o tarapa agdarynjyrap geçirdi. Ýedi ýüz elli dollar pul bilen “SAG BOLUŇ!” diýen tanyş söz geldi.
Näme üçin? Umuman düşünip bilmedi. Haty çekere salmazdan ozal ýekeje söz ýazylan kagyza uzak wagt seredip durdy.
Içinden: “Çalt-çaltdan ýazyp dur” diýdi.
Iki hepde hat gelmedi. Ol: “Sahy nätanyş meni unudan däldir” diýen umyt bilen her gün poçta gutusyny barlaýardy. Kämahal boş guta seredip, ýigrimi-otuz minut pul bilen hat barada içini hümledip durýardy. Iş etmekçi bolýardy, emma hyýaly syrly sahy hakdaky pikirlere gönügýärdi. Ol ýylyna bäş müň dollar gazanýardy, bäş müň dollary gazanmak üçin ol hepdesine kyrk-elli sagat der döküp işleýärdi. Indi bolsa iki hat bilen barmagyny-da gymyldatman, şo puluň üçden birini gazanypdy.
Ýedi ýüz elli dollar ony bergilerinden doly dyndarmadyk bolsa-da, ep-eslisini üzüpdi. Jaýyň kireýini, awtoulagy üçin bergisini bermegiň wagtam geldi. Ýene bir gün at çapyşygynda pul utdy, ahyrsoňunda bar utan puluna goşup ýigrimi dollar utdurdy.
Şol günleriň birinde ýerzemine howa täzeleýji teklip edilen we haýsydyr bir haýyr-sahawat guramasyna pul geçirmegi haýyş edilen hatlar bilen bilelikde, üçünji hat geldi. Beýleki hatlar zibile gitdi. Üçünji hat açyldy. Şol öňküsi ýaly, diňe at-familiýa özgeren.
“JENAP KLOD PAÝRS
BU ADAM ÖLSE, SIZ MÜŇ DOLLAR ALARSYŇYZ"
Haty çekere salan mahaly Kraftyň eli sandyraýardy. Müň dollar: Berilýän puluň mukdary akly çaşyryjy derejä ýetipdi. Jenap Klod Paýrs. Ol Klod Paýrsy tanaýarmy? Elbetde, ýok. Kim ol? Bejerip bolmajak hassalykdan öljek garrymy?
Kraft: “şeýle bolawersin” diýip umyt edýärdi. Bular ýaly oýlary üçin özüni ýigrenýärdi, ýöne özüne erk edibem bilenokdy.
Bu gezek ol maglumat ýygnamaga başlady. Telefon maglumatnamasyndan Honideýl-draýw köçesinde ýaşaýan Klod Paýrsy tapdy. Ol maglumatnamany ýapyp, işini etmekçi boldy, emma bolmady. Ýene-de maglumatnamany açyp, bu adamyň nämeden öljekdigini çen bilen biljek bolýan dek telefon belgisine uzak wagt seredip durdy. Krafta ol hökman öläýjek ýaly bolup duýulýardy. Eger ol bir adamyň at-familiýasy ýazylan hat alsa şol adam ölýärdi, Edgor Kraft bolsa pul alýardy. Diýmek, Klod Paýrsyň hem jany gylyň üstünde duran bolmaly.
Jaň etdi, telefony bir aýal aldy. Kraft jenap..
Dowamy bar