awgust
23.09.2023 09:43

Eziz joram saňa etjek arzuwym,

Bagt ykbalyňa şuglasyn saçsyn.

Ýüzüňde nurana ýylgyrşy görüp,

Gaýgy-gussa senden arany açsyn.


Dagy çat açdyrsyn mukaddes söygüň,

Päk söýgiň ýodasy ýola eltýändir.

Mähriňi gysganma gaýyneneňden,

Şony razy eden bagta ýetýändir.


Hyzmatynda bolgun gaýynatanyň,

Mertebesin gorap sakla ezizläp.

Göwrümin ulaltma uşak hatanyň,

Emma hakykaty goýmagyn gizläp.


Ynamyny gazan ömür ýoldaşyň,

Çünki ol Zeminde seniň Hudaýyň.

Hat-da kyn günde-de bile goldaşyň,

Deň çekiş durmuşyň agyr ylaýyn.


Jan jorajan ýene etjek arzuwym,

Saçak,sallançagyň goý,doly bolsun!

Bu gün Taňryň size beren bagtyny,

Görüp ulus-iller ýüzüne sylsyn!



#Awgust güli Ç.M

Çynar Myradowna(özüm)





Gadyrly agzalarym! Gutlag goşgym göwnüňizden turan bolsa yhlasymyň yerne düşdügi...Hemmäňizi Alla ýalkasyn!

🥰

42
154
nabat_
4 Fewral 2024
Gaty gowy goşgy🥰
mmmmmmm
28 Sentýabr 2023
Awgust gosgulan yzy gur bolsun🌹🌹🌹🌹🌹🌹
shiraly
23 Sentýabr 2023
Malades. Haladym. 👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
goge
23 Sentýabr 2023
Gaty gowy bolupdyr galamyn ucy yiti bolsun
fasat
23 Sentýabr 2023
Al saň laýk👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.