gulkaa
20.09.2023 08:06

Bir adamyň goňşysy bar eken. Biri birini halanok ekenler. Bir gün bu adamyň goňşusy iti bilen daşaryk çykypdyr we goňşylar gabatlaşypdyrlar.

Adam: bu eşek bilen näme edýäň diýip sorapdyr.

Goňşusy: Entek eşek bilen iti saýgaryp bilmeýän bolsaň nähili adam sen? diýipdir.

Adam: Seň bilen gürleşýän barmy? Men it bilen gürleşýän diýipdir.


80 ýaşyndaky bir ýaşuly aýalyna:

Geçmişdäki bile geçiren günlerimiz ýadyňa düşýärmi? diýipdir.

Aýaly: hawa göresim geldi diýýär.

Ýaşuly: Ertir ilkinji duşuşan ýerimize gideli we söýgülikäk eden zatlarmyzy edeli diýipdir.

Ýaşuly bezenip beslenip gidipdir we köp sagat garaşypdyr. Ýöne aýaly gelmändir.

Soňra öýe gelip görse aýaly öýde aglap otyr.

Ýaşuly: näme boldy?

Aýaly: näme bolar öydýäň ezizim ejem ugratmady diýipdir.

20
252
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.