shemshat
20.09.2023 08:03

SÖÝGÄ SORAGLARYM


Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat,

Perişdemiň ýa-da yaradan senmi?!

Ya bolmasa tozap ýatan tümlükde,

Asmany, Zemini döreden senmi?!


Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,

Kä söndürip, käte odun ölçerip,

"Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp,

Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!


Mežnun yşk oduna tapman dermany,

Şo-ol düğle çöllerde çekdi armany,

Selbini agladyp, aşyk Hemrany,

Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!


Barha alawladyp ysgyň körügin,

Penjesine düşüp gepçi, görübiň,

Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,

Garasyn görmäge zar eden senmi?!


Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni,

Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny,

Meňliden aýyryp Magtymgulyny,

Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!


Ak ýol arzuw edip, gökde pel-pelläp,

Bürgüt aşyklary ýürekden goldap.

Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap,

Gaňňalyň, oýunda eňreden senmi?!


Bir zady bilemok, barmyka aýby,

Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,

Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi,

Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!


Awtory: Şähribossan Geldimämmedowa

20
45
2580
20 Sentýabr 2023
2580
20 Sentýabr 2023
👏👏👏👍👍👍
shemshat
20 Sentýabr 2023
@king_tm, menem okapdym şu goşgyny bir çärede, hemmeler halady. Menem şondan bäri halaýan
king_tm
20 Sentýabr 2023
Mende şu goşgyn ses ýazgysy bar, gaty gowy okalan agzalardan biri okan🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.