Hojaýyn güjügine ýüzlenip aýdyp duran sözlerini
soňlamaga ýetişmedi. Sebäbi bu gezek öý bikesi onuň bilen
deň sanaşyp durmagy artykmaçlyk hasap etdi-de,
gapdalynda duran suwly taňkany ärinden dazyrdadyp
saldy. Emma taňka nyşana degmedi. Guýrujagyny
bulaýlap, hojaýyna ýalynjaňlyk edip duran güjügegyltyzyrak degip geçdi. Beýle zada garaşmadyk güjük
çyňsady, urundy. Nirä-de bolsa, bir ýere sümülmek üçin
gaçmaga synanyşdy. Emma ýüp goýbermedi.
Är-heleý bolsa mundan soňam bir-birine diýmesiz
sözleri diýip, aýtmasyz zatlary aýdyşdylar.
Şol gün agşam güjük çyňsama gatyşykly uzyn-uzyn
uwlamasy bilen öý eýelerini gaty birahat etdi. Ertesi
hojaýyn güjügi şähere äkidip, zyňyp geldi. Şeýlelikde
ýüpüň bir bölegi güjük bilen gitdi.
Ýüpüň beýleki bölegi welin bassyrmanyň aşagynda
çaň basyp, kän ýatdy. Bir günem agyldaky iki goýnuň biri
aşa düşüp, ýüzüni sallady.
– Kaka, goýnumyz pyçaga gelipdir – diýip, körpe gyzy
ejesiniň öwreden sözlerini kakasyna ýetirdi.
Agyr ýüzli hojaýyn böküp ýerinden galdy-da, agyla
tarap haýdady. Ine, şu ýerde ýüpüň galan bölegi goýny
güýlmek üçin gerek boldy. Güýldüler. Damagyny çaldylar.
Onsoň, näçe ýyldyr, guransoňam henize-bu güne çenli
sogrulman duran garaly agajyndan asyp soýmak üçin hem
şu ýüpi ulandylar.
Hojaýyn goýny soýup bolup, damakgan akdyrylan
çukuryň üstüne atylan çöp-çalamlary ýakyp otyrka:
– Şular ýaly heleýiň bolsa, malyň ýa aç öler, ýa-da aşa
düşüp öler – diýip, burnuna salyp hüňürdedi.
– Gyrylsyn! Ölsün! Bolmanam äriň kartkeş bolsa,
malyňam artmaz, zadyňam! – diýip, öý bikesi hem gep alyp
galmady.
– Ataň öýüňe daşap ýörseň, zadyň artarmy?
– Daşajak. Öl, ölýän bolsaň. Sen ýaly tapanymy
kärtkeşlere ýal etmesem bolýa... Seni adam eden meň atam
öýüm dälmi?Şol gezek bular sögüşip, ýüpi ýatlaryndan çykardylar.
Soň kimdir biri ony bassyrmanyň aşagyna oklady. Ýüp bu
ýerde-de idegsiz kän ýatdy.
Howa sowap, gyş golaýlap, dünýäň ýüzi wagtlaýyn
tukat keşbe giren mahaly öý bikesi sögünip-gargynyp, bu
ýüpe çykap, işikden mellegiň aýagujyna gyzyl çybyk bolup
ýatan gowaça küdesini daşady. Onsoň gysgaragam bolsa,
ýene bir zerur zadyma ulanaryn diýip, ýüpi üzüm
agajynyň şaha bölen ýerine gysdyryp goýdy.
Başga bir bisähet gün gündiziň günortany öý eýesiniň
ýeňles duýgulara hem bipeýan oý-pikirlere akyl-huşuny
aldyran, hüwjük saçly, neşebent ogly bir ýerlerden ýüzüni
ak tam edip geldi-de, özüni asyp heläklemek niýeti bilen
ýüpi bassyrma agajyndan aýlap geçirdi. Halka ýasady.
Dözümli-dözümli çekişdirip, berkdigini ýa däldigini barlap
gördi. Aýagynyň aşagyna ýemşik-ýumşyk köne bedräni
düňderip goýup, halkadan boýnuny geçirdi. Onsoň
pikirlenmän-zat etmän, bedräni depip goýberdi. Ýok,
bolmady. Ýalňyş ölçän eken. Ýüp uzyn bolup, aýagy ýere
degip dur. Bu ýagdaý asylyp ölmäge ýeterlik sebäp bolup
biljek däl. Nätmeli? Etjek alajyň ýok. Ajalyňa gol bulaýanyň
çyn bolsa, ýüpi gysgaltmaly. Aýagyň aşagyna-da bedre däl-
de, hol çelegi düňderip goýmaly. Ol ilki bilen çelegi
düňderip goýdy. Ýüpi hem biraz gysgaltdy. Emma
bolmajak bolsa bolmaz eken.
– Waý-ý, il-gün ýeteweriň! Dat-bidat, ýeteweriň-uw! –
diýip, öý bikesi iniňi tikeneklediji gorkunç hem çirkin ses
bilen gygyryp, bir ýerden peýda boldy. Ajal kerwenine
daklyşmak üçin ber-başagaý bolup duran oglan oslagsyz,
haýýar sese ziňk edip gitdi. Ejesi bolsa eýýäm haçan ýetip
gelip, ýaňky köne bedräni oglundan aýlap saldy. Bedrenyşana jaýdar degdi. Ogly “hyk” edip, bir büküldi-de, şol
pursadyň özünde zut gaçyp gitdi.
Öý bikesi ak tam bolan repide ýaly ýüzüni gaharly
görnüşe getirip, özüni aşak goýberdi. Uçjak guş ýaly
galpyldap oturşyna edil häzir aglamalydygy ýadyna
düşmedi. Onsoň elleriniň, aýaklarynyň titremesine,
ýüreginiň adaty däl gürsüldemesine, sesiniň
sandyramasyna we üýşüp gelen goňşulara kän bir ähmiýet
bermän:
– Wah, tohumy tükenen! Seň ataňdan nä gün gördüm
men... Aňsat ölüm gözleýäňmi, ýerýuwdan! – diýip
gargyndy.
Bassyrma agajyndan ýüpi çözüp aýyrmadylar. Yrym
edip, gara towuk asdylar. Soň ýüp towuk bilen bilelikde
nirädir gürüm-jürüm boldy.
Maý, 2010 ý. Mary.
awtor;Kakamyrat Atayev