seljukly
19.09.2023 23:54

ÝÜP

Hekaýa

Keşde çekilip, gaýma gaýalýan, kiriş ýaly sapak däl bi.

Bilek ýogynlygyndaky uly tanap hem däl. Tanapdan inçe.

Göze görnen gyzyň örüm saçyndan hem inçe. Çen bilen

orta ýaşly adamyň başam barmagyndan-a inçeräk,

külembikesindenem ýogynyrak, adaty bir ýüp. Munuň

deregi ýüpek, ýüň ýa geçi çöpüri bolman, eýsem, hut pagta

süýüminden işilen. Reňki goýy gök bolup, ozalbaşky

uzynlygy ýedi-sekiz gulaç dagyn bardy.

Guýudan suw çekmek üçin ulanylýan, kim bilýär,

nijembir külpetleri başdan geçiren öňki, köne ýüp halys

sary gidensoň, bir gün doly suwly bedräniň agramyna tap

getirmän üzülipdi. Onuň bir bölegi öý bikesiniň elinde

galyp, beýleki bölegi bedre bilen bilelikde guýynyň

düýbüne gidipdi. Onsoň öý bikesi bazara gidip, ine, şü

ýüpi satyn alyp geldi. Şeýlelikde bu ýüp heniz täze mahaly

özi ýaly täp-täzeje bedre bilen guýa sallandy. Ömrüniň bir

ýyla golaýy şol ýerde ötdi. Munuň kömegi bilen günde

telim bedre suw çykaryldy. Şunça wagtyň dowamynda

munuň kömegi bilen guýudan çykarylan suwy bir ýere

guýsaň, uly bir güzer gürrüňsiz emele geljekdi. Ýok, bu

ýüp ojagaz suwy götereni bilen ejizlemändi, tapdan

düşmändi. Entek güýç-kuwwaty ýetikdi. Içi suwly goşa9

bedräni asanyňda-da durkuny üýtgetmän, çydam etjekdigi

kesesinden görnüp durdy. Emma bir gün öýüň agyr ýüzli

hojaýyny suw sorujy nasos getirip gurnady-da, guýunyň

suwuny gara güýje daýanmazdan, tilsimat arkaly çykaryp

başlady. Aýalyna-da:

– Wawwasy bar ýaly ulanyň. Döwäýmäň. Ýaman

ynjyk zatdyr diýip tabşyrdy.

Bor diýip, äri bilen ylalaşaýmaly aýaly gözüni-gaşyny

çytyp, “Seň özüň ynjyk” diýerli göründi. Bir pursat

oýurganyp kesä bakdy-da, ters gürrüň tapdy:

– Özünden özi bozulyp, erteki gün bize yňňyldajak

bolsaň, şu wagt ýok et, gözüm görmesin – diýip, öýe

getirilensoň yzyna äkidilmejegine göz ýetirip duranlygy

üçin aýtdy. Şeýdip, geljekde bolaýmagy ähtimal dawany

häzirden öz peýdasyna çözüp goýdy.

Aýalyna juda belet bolansoň, öýüň hojaýyny ätiýaçly

gürrüň etdi.

– Özünden özi bozulybermeli bormy, how! Tapýan

gürrüňiň näteňet? Iňňeden çykma gopuz ýaly täzeje nasos

ahyryn bi . Şalpaň tutman ulansaň, ýaman uzaga gider.

– Şalpaň tutup, näme, bu artybyň üstüne artlaýyn

münüp, alys ýere gelnanja gitjek bolýan barmy?

– Gereginden artyk işledip, agram bermeseňiz hiç

zadam bolmaz. Esasy zat, motory ýanmasa bolýa. Motory

ýansa, bejerjek gümanyň ýok. Şoňa seresap boluň – diýip,

äri başardygyndan sypaýy düşündirdi.

Aýaly soňam birgiden içýakgyç hem kejir gürrüňler

etdi. Äriniň gitdigiçe ýüzüniň gany gaçdy, boýnunyň

ýüzündäki damarlary gatady, ýuwaş-ýuwaşdan eli

sandyrap başlady.

Ýüpi bolsa, bedräň sapyndan çözüp aýyrdylar-da,

odur-budur saklanýan köne tamyň garaňky burçuna oklapgoýberdiler. Bu ýerde-de ýüp bir ýyla golaý hereketsiz

ýatdy. Onsoň bir gün öý bikesi köne tamy dörüşdirip ýörkä

ýüpi tapyp aldy-da:

– Asyl bärde ýatyr eken-ä. Ýer ýykyp, gözläp, tapman,

biri ogurlandyr öýdüp ýördüm – diýip, öz ýanyndan

hümürdäp, kakyşdyryp-silkişdirip, alyp gitdi. Eltip,

işikdäki üzüm teläriň maňlaý sütünlerinden adam boýy

belentlikde ýuwulan geýimleri serip guratmak maksady

bilen daňyp goýdy. Ýüp bu ýerde-de bir ýyla golaý durdy.

Şunça wagtyň dowamynda giden egin-eşigiň ýuwulansoň

serilip guradylmagyna sebäp boldy. Bir gezek bolsa, uly,

agyr halyny ýuwdular. Ýüp tutuş bir günläp ýuwulansoň

has-da agralan halyny göterip durmaly boldy. Şol gezek

her näçe dartylsa-da, sozulsa-da, üzülmedi, gaýrat etdi.

Soň, gurbanlyk ýetip gelende hojaýyn öý bikesinden

soramazdan-zat etmezden, ýüpi tutuşlygyna çözüp aldy-

da, tamyň arkasyndaky garrap, gasyn-gasyn bolan erik

agajynyň gapdal ösen uly şahasyndan geçirip, körpe

gyzyna hiňňillik ýasap berdi. Ine, onsoň hiňňillige öwrülen

pursadyndan başlap ýüp töweregiň çagalaryny gezekli

gezegine uçurmaga başlady. Emma hiňňillik bolmak

ýuwulan geýim-gejimleri guradýan ýüpüň wezipesinden

has agyr bolup çykdy. Muňa münýän çaga bolsa-da, eýläk-

beýläk hallanlap bir uçýarlar welin, heý çydar ýaly däl.

Özlerem üznüksiz, şo-ol uçuşyp ýörler. Ýadanoklaram.

Ahyry goňşy çagalaryň biri özüni saklap bilmän, ýykylyp,

burnuny ganatdy. Muňa-da öý bikesiniň bijaý gahary geldi.

– Hany, baryň, dagaň öýli-öýňüze. Bu ýeri, näme,

çagalar bagymy? Ugraň, ugraň, hiňňillik uçulýan ýer däl

bäri – diýip, ol adaty yzgytsyzlygy bilen çagalary kowup

goýberdi.Senem, gyz, ýok et hiňňilligiňi, häý, hiňňilligi başyny

iýmiş!.. Özümçe bar-ýok, galyň uzyn etekliň artykmaç gep-

gürrüňi derkaryma däl – diýibem ýeňselerini tüňňerdişip,

hersi bir tarapa dagap barýan çagalar hem eşider ýaly gaty

sesde gygyryp, gyzyna haýbat atdy. Şundan soň hiňňilligiň

töweregi çolardy. Bir ýerden bir samsyk şemal tapylyp,

hiňňillik bilen birsellem oýnady-da, irip-ýadap, güw gitdi.

Birhaýukdan goňşularyň gurbanlygyndan gerk-gäbe doýan

agyr ýüzli hojaýyn geldi-de, uzyn-uzyn gägirip, çilim

otlandy. Onsoň ähli agramyny hiňňillige atyp, uçup

görmek üçin bat aldy. Şu ýerde ýüp çydamady. Gap

bilinde-bir ýerde halys ejizlän ýeri bardy. Ana, şol ýerinden

şarpa üzüldi. Üzüldi-de, hojaýyny ýeriň ýüzüne bulap

urdy. Hiňňillige, has anygy ýüpe hapa-hapa sögünip,

hojaýyn epeý gowresine gelişmeýän çalasynlyk bilen

ýerinden galdy. Üst-başynyň tot-tozanyny üfleşdirip-

kakyşdyryp durşuna daş-töweregine äňetdi. Hiç kim gören

däldir öýtdi. Aýaly gören eken.

– Waý, meň kir serýän ýüpüm! Ak girse-de, aň

girmedik, meýit! Doňuz ýaly bolup, nätdiň ony? Çagaň

aklyça-da ýok aklyň. Indi men kirimi nirä sereýin?

Peýdaňdan zyýanyň kän hojalyga. Garnyňy eşegiň garny

ýaly edip... Sypatyň gursun, sypaty guramyş! – diýip, öý

bikesi gargyndy.

Äri biraz özüni dürsäp, sapajak-supajak etdi.

– Agzyňa ak gelse-de, gara gelse-de, wyzyrdap durma.

Ömürlik zat barmy nä. Ýüpdür-dä, bir gün üzülmeli bor-a.

Wagty-sagady gelende adam ölüp gidýä...

Ýüpi welin, iki bölek bolansoňam ýatdan

çykarmadylar. Bir bölegini-hä öýüň körpe gyzy özi ýaly

çagalar bilen ýüp bökdi oýnuny oýnamak üçin aldy. Bäş-on

gün oýnansoň, irdimi ýa başga has gowy ýüp tapdymy,muny bassyrmanyň aşagyna oklap goýberdi. Beýleki bölegi

bolsa erigiň gapdal ösen uly şahasyna oralşyna birki aýlap

ýatdy. Onsoň bir gün öýüň agyr ýüzli hojaýyny ýeňil

ädimler bilen şäherden kiçijik güjük alyp geldi. Ýaňy

süýtden kesilen it çagasyny erik şahasyna oralgy duran ýüp

bilen daňyp goýdy.

Aýalynyň muňa bolmajysy boldy:

– Öýlänligiňi ölüp tapýan halyňa, ýeri, iti nämetjek?

Özüňi oňardyň-da, indi it galdymy?

– Şul öýden jabjynyp, sen girip-çykyp ýörkäň başga it

geregem däl, welin, onda-da durumsyzlyk edip alaýdym,

seni ýekesiretmejek boldum. Aý, ýürek ýuka-da... Ýöne

ahmal bolma, bi seňňäly ganjyk däldir, erkek güjük bi –

diýip, keýpi kök hojaýyn ömürboýy tütünsiz ýakyp gelen

aýalyny duzlady.

– It ýaly bolsamam, ýene senden gowudyryn. Sen itçe-

de ýok. Doňuz sen. Içip, mesirgäp, gören ýeriňde ýatyp-

turup ýörsüň. Hapysa, haram meýdiýanan... – diýip, öý

bikesi hem munuň bilen deň sanaşdy.

Agyr ýüzli hojaýyn aýalynyň kemsitmelerine jogap

hökmünde ýasama äsgermezçilik bilen it ýylgyrşyny edip,

güjügine ýüzlendi:

– He-eý, janawer, bir ganjyk heleýe deňedi diýip,

menden gaty göräýmegin. Aslynda bi heleý sençe ýok.

Ýöne nätjek, alaç ýok, ikimiziň maňlaýmyzda bardyr-da

muň elinden çörek iýmek. Men-ä, näme, ömürboýy...

dowamy bar....

22
103
okayjy
20 Sentýabr 2023
@seljukly, Bolýa.
okayjy
19 Sentýabr 2023
Näme üçin aralary açyk ýagdaýda 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.