wepayewa_
19.09.2023 15:01

1.Dünýä derejesinde geçirilen soragnamalaryň netijesi boýunça, jemgyýetiň kadaly ösmegini üpjün edýän hünärleriň arasynda mugallymçylyk üçinji orunda durýar. Birinji we ikinji orunlary harby we lukmançylyk kärleri eýeleýär.

2.2013-nji ýylda kärleriň arasynda ynam bildiriş derejesi boýunça geçirilen barlaga görä, pedagogika mümkin bolan 5 baldan 3,72 bal aldy. Ondan beýik bala diňe alymlar mynasyp boldy — 3,86.

3.Mugallymçylyk edil ýangyn söndürijiler, uçarmanlar we howa ýollaryny kadalaşdyryjy dispetçerler bilen deň derejede stres geçirýärler.

4.Iň gadymy hünärleriň biri hem mugallymçylyk. Ilkinji mekdepler Gündogarda, ýagny Assiriýada, Wawilonda we Hytaýda b.e.öň 4-nji müňýyllyklarda döräpdirler.

5.“Mekdep” ( σχολή [scholē]) sözi ilkinji gezek Gadymy Gresiýada peýda bolýar. Emma onuň manysy häzirki döwürden tapawutly bolup, “dynç alyş” diýen manyny beripdir. Muňa garamazdan bu söz dynç almaklygy göz öňünde tutman, din we filosofiýa barada gürrüňdeşlik etmeklikden ybarat bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen filosoflarda okuwçylar peýda bolup, “mekdep” termini okuw prosesi hökmünde garalypdyr. Köpçülikleýin okatmaklyk üçin bina gurmaklyk zerurlygy ýüze çykanda, bu bina “mekdep” sözüni dakypdyrlar.

6.Mekdeplerde beden temmi çäreleri heniz hem dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ýatyrylmadyk. ABŞ-nyň birnäçe ştatlarynda resmi taýdan okuwça beden temmi çäresini bermäge rugsat berilýär.

7.ABŞ-da mugallymlar okuwçylaryň bahalaryny “gizlin” saklaýarlar. Olaryň bahalary okuwçylaryň özlerinden we ene-atalaryndan başga adama görkezilmeýär.

8.Türkmenistanda mugallymçylyk barada iň meşhur eser Lenin baýragynyň laureaty Çingiz Aýtmatowyň “Ilkinji mugallym” powesti.

9.Öz ýurdumyzy göz öňünde tutman, dünýä statistikasyna salgylansak, onda mugallymlaryň 33% özleriniň ilkinji ýylynda mugallymçylyk kärlerini taşlaýarlar, 46% bolsa ilkinji 5 ýyldan soň.

10.Mugallymyň aýlygy diňe 45 minut we depder barlagy (uly bolmadyk möçberde) esasynda tölenýär. Mugallym köp halatlarda 1 sapaga taýynlanmak üçin 2–3 sagat wagtyny sarp etýär. Ondan daşary öý işlerini barlamaklyk, gowşak okuwçylar bilen goşmaça iş geçirmek, dürli görnüşdäki maglumatlary ýazmaklyk ýaly borçlary hem bar.

11.Mugallymçylyk kärini taşlamagyň iň giňden ýaýran sebäpleriniň biri hem aýlygyň az bolmagy.

12.Dünýä boýunça geçirilen soragnamada, mugallymlaryň 99%-i “öz hünäriňe bolan söýginiň” iň esasy talapdygyna, şeýle hem mugallymyň professionalizminiň okuwçynyň üstünligini üpjün edýändigine ynanýar.

13.Fransiýada orta mekdeplerde mugallymlaryň 57%-i zenan, Beýik Britaniýa we Gonkongda — 53%, Germaniýada — 46%, Ýaponiýada — 32%, Latwiýada — 88%

14.Mugallymlara iň köp aýlyk töleýän ýurtlar (ýyllyk): 1.Şweýsariýa -$110,000; Lýuksemburg — $100,000; Kanada -$74,000; Germaniýa — $70,000; Gollandiýa,Awstraliýa, B.A.E — $67,000; 6ABŞ -$60,000; Irlandiýa -$53,000.

15.Dünýäde iň köp öý iş tabşyrylýan okuwçylar hytaýly okuwçylardyr. Hepde-de ortaça 14 sagatlyk öý ýumuşlary tabşyrylýar.

16.Dünýäde iň gadymy bilim edarasy 859-njy ýylda Marokkoda esaslandyrylan al-Karauin uniwersitetidir.

17.Oktýabryň 5-i Bütindünýä mugallymlar güni.

18.Germaniýada bir mugallym dürli sapaklary okadyp bilýar. Ýagny şol bir mugallym fizikany, nemes dilini we bedenterbiýäni okadyp bilýär. Emma mugallym bolmak üçin uly prosesden geçmeli: uniwersitetden soňra ilkinji döwlet synagy, soňra 2 ýyllyk tejribe işi, ondan soňra ikinji döwlet synagy. Nemes mugallymlary mekdebe erkin tertipde gelýärler, ýagny diňe sapaklaryna gelip gidýärler.

19.Dünýäde iň köp sapak okadýan mugallymlar Ýaponiýadadyr — hepdede 54 sapak. Türkmenistanyň Bilim hakyndaky buýrugy boýunça mugallym hepdede 36 sapakdan artyk okadyp bilmeýär.

20.Gadymy Gresiýada mekdebe äkidip, ýumuşlaryny ýerine ýetirerleri ýaly okuwçynyň ýanyna pedagog-gul berkidilýän ekeni. “Pedagog” sözi “çagany ýöredýän” diýen manyny berýär.

21.Awstraliýada sörfing (surfing), Ýaponiýada tebigatdan lezzet almak, Germaniýanyň Geýdelberg şäherinde “bagt” sapaklary bar.

22.Dünýäde iň gymmat mekdep Angliýada ýerleşýär. “Leýdi we Jentelmenleriň halkara mekdebi” üçin aýyna $80,000 tölemeli.

23.Dünýäde mugallymlara iň köp hormat goýulýan ýurt Hytaý, emma dünýäde mugallyma iň az hormat goýulýan ýurt Ysraýyl. Sapak wagtynda okuwçylar ýatyp, nahar iýip, hapa zyňyp, mugallym bilen gödek gürleşip bilýärler. Emma mugallym 6 ýyldan bir gezek hökümet tarapyndan tölenilýän 1 ýyllyk dynç alyşa çykyp bilýär.

24.Gresiýada, Italiýada, Ermenistanda, Niderlandiýada, Çehiýada, Şweýsariýada, Serbiýada, Bolgariýada, Nigeriýada öz milletlerinden meşhur bolan pedagoglar milli pul birliklerinde ýerleşdirilen.

25.Ortaça her bir mugallym öz karýerasynda 3000 sany okuwçy okadýar.

26.Finlandiýada çaga 7 ýaşy dolýança mekdebe gidenok. Ýetginjek ýaşlaryna ýetýänçäler kän öý işlerini we synaglaryny tabşyranoklar, okuwçyny synpyň öňüne geçirip geçilen sapagy soranoklar. Mugallym we onuň kömekçisi (resmi işgär) okuwçylaryň arasynda gezip ýumuşy etmäge ýardam berýärler.

27.Okuw dünýäniň 122 ýurdynda 1-nji sentýabrda başlaýar. 43 sany döwletde bolsa 1-nji ýanwarda başlaýar.

28.Çehiýaly okuwçy biziň mekdebimize gelip, sapagy gowy aýdyp bereninden soňra “bäşlik” alsa synpdan aglap gider. Çünki Çehiýada iň uly baha “1” we iň pes, ýagny ýaramaz “5”.

29.Iň bagtly okuwçylar Norwegiýada bolsa gerek. Olar 8-nji synpa çenli hiç hili baha alanoklar

30.Günorta Koreýada synag tabşyrmagyň aýratyn bir däbi bar. Çünki döwlet synagyndan ýokary baha almaklyk olar üçin ýokary okuw jaýlaryna petek bolup bilýär. Şol sebäpli hem synag güni mekdepleriň çäginde awtoulag gatnawlary ýatyrylýar, polisiýa işgärleri daş töweregi garawullaýarlar, bank we dükanlar giç açylýar, hat-da howa gatnawlary hem öz ýollaryny üýtgedip bilýär.

31. 1972-nji ýylda Kanadada açylan ALPHA atly mekdebi örän meşhur. Bu mekdepde okuwçylaryň özleri öz islegleri boýunça sapaklaryny we sapak rejelerini düzýärler. Esasy sapaklary aşpezlik, fotografçylyk, filosofiýa. Mugallymlar okuw prosesine kän goşulman, daşyndan gözegçilik edýärler. Bu eksperimental mekdebiň esasy üstünligi hem öz uçurymlarynyň ýokary derejeli bilimleri.

21
138
tmyigit76
6 Oktýabr 2023
Postyňyza üns çekmek üçin postlary gowja redaktirlemegi maslahat berýän. Meselem surat goýup. Her faktyň arasyny açybrak ýazyp. Sözbaşyny mazmundan ýokarrakda ýazyp
tmyigit76
6 Oktýabr 2023
Gaty gyzykly maglumatlar. Mugallym bolmak arzuwym bar. Ýöne aýdyşyňyz ýaly aýlyk esasy böwet bolup dur.
wepayewa_
19 Sentýabr 2023
@12445, bolup biler
wepayewa_
19 Sentýabr 2023
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.