tyllayev_allanur
19.09.2023 00:10

Eýfel diňi hakynda täsin maglumatlar


Dünýä ýüzünde Fransiýanyň simwolyna öwrülen diň ýurduň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Ilkibaşda bu diň şäheriň orruk ortasynda bir demir üýşmegi bolup, gorkunç bir görnüşi emele getirýär, şäheriň gelşigini gaçyrýar diýlip, birnäçe tankytlara sezewar edilýär. 1909-njy ýylda diňi ýumurmak barada karar kabul edilýär. Iň soňky pursatlarda diňiň beýikligi göz öňüne tutulyp, onuň telewideniýa-radio tolkunlaryny goýbermekde ähmiýetli boljagy sebäpli karar üýtgedilýär.


Eýfel diňiniň gurulmasyndan soň, Londanda şoňa meňzeş Watkins Tower ady bilen 1891-nji ýylda bir proýekta başlanýar. Ýöne gurluşygy üstünlikli tamamlap bilmänsoňlar, 1907-nji ýylda ýykylmaly edilýär.


Başga-da ýaponlar tarapyndan Eýfele meňzeş bir diň 1958-nji ýylda Tokioda gurulýar. Onuň beýikligi 333 metr bolup, dünýäniň iň beýik, adam eli bilen bina edilen gurluşygydyr.


Eýfel diňi diňe bir daşyndan seredip guwanmak üçin bina däl. Onuň içine girip, gezelenç etmek, garbanmak ýaly mümkinçilikleri hem bar. Diň esasy 3 gatdan ybarat bolup, onuň her gatyna isle basgançaklar arkaly, isle lift arkaly çykyp bilersiňiz. Islendik gatynda hem sizi ajaýyp Pariž peýzažy gurşap alar. Birem bu diňi gijelerine görseňiz, hertüýsli öwüsýän çyralaryň öwüşginine hasam göze gelüwli bolýar.


Bulardan başga-da:


– Eýfel ady diňiň gurluşygynyň inženeri Gustawe Eiffeliň hormatyna dakyldy.


– diňiň gurluşygy 1887-nji ýylda başlap, 1889-njy ýyla çenli 2 ýyl, 2 aý, 5 gün dowam etdi.


– her 7 ýyldan reňklemek işi amala aşyrylyp, oňa 60 tonna boýag sarplanylýar. Bu işe 25 boýagçy gatnaşyp, 15 aýda işi dolulygyna tamamlaýarlar.


– gurluşygyna 3 müň işçi gatnaşyp, onuň dowamynda hiç hili önümçilik betbagtçylygy ýüze çykan däldir.


– diňiň beýikligi sowuk howalaryň täsirine 3-15 sm-e çenli kiçelýär.


– gaty yssy ýa-da ýelli howalarda diň 18 sm-e çenli egilip bilýär.


– diňiň jemi 1665 sany basgançagy bar. Ilkibaşda diňe çykmak üçin şolar ulanylypdyr. Häzir bolsa, köplenç liftleriň hyzmatyndan peýdalanylýar.


– her ýyl ortaça hasapda 7 million töweregi syýahatçy ýörite diňi görmek maksady bilen Fransiýa gelýär.


– diňi ýagtylandyrmak üçin sarplanylýan elektrik energiýasy kiçiräk bir obaňky bilen deň derejede.


– gijeleri 20 000 tapawutly çyralar bilen yşyklandyrylýar.


– elektrik geçirijileriniň umumy uzynlygy 80 km-e barabar.


– beýikligi 300,51metr (anteni bilen birlikde 324,8 m).


– Umumy agyrlygy 10,150 tonna.

26
151
bellidal
19 Sentýabr 2023
Gidesim gelip gitday
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.