gulkaa
18.09.2023 10:48

Bir hindi ertekisine görä, pişik gorkusyndan dowamly alada içinde ýaşaýan bir syçan bar eken. Bir jadygöýiň syçana nebsi agyrýar we ony pişige öwürýär. Syçan pişige öwrülenine begenmeli ýerde indem itden gorkup başlaýar. Jadygöý bu gezek ony gaplaňa öwürýär. Syçan gaplaňa öwrülenine begenmeli ýerde indem awçydan gorkýar. Jadygöý seredip görse näme etse etsin syçanyň gorkusyna ýeňmäge mümkinçilik ýok. Ony öňki ýagdaýyna öwürýär we şeýle diýýär: "Sen gaýratsyz we gorkak biri. Sende diňe syçanyň ýüregi bar. Şol sebäpden men saňa kömek edip bilmen."

15
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.