gullnara_
17.09.2023 06:31
Hakyky altyny nähili tanamaly ?

Altyn hemmämiz üçin gerekli zatlardan biri.Altyny diňe bezeg üçin ulanman,pul saklamak ýerine hem alýarlar,ýöne käbirlerimiziň akylyna altyn diýen wagtymyz:kolýeler, bilezikler,ýüzükler we ş.m gelýär. Elimizde pul kän bolan wagty sowgat üçin ýa-da özümiz üçin altyn alýarys.Bu meselede köp kişiniň akylyna “alan altynym hakykymy?” diýen sorag gelýär.
Bu makalamyzy size hakyky altyny tanamany öwretmek maksady bilen ýazdyk.Alan altynymyzyň 100% hakykylygyny tanamak üçin gowy barlamak gerek.Muny käbir aňsat usullar bilen islendik adam tanap biler.Ine bu usullar:

Möhür.
Alýan altynymyzda hökmany suratda möhür bolmalydyr.Bu möhürler esasan altynyň haýsy marka tarapyndan öndürilendigini we hil ýagdaýyny (proba ýa-da karat) görkezýär.Altyn köp ulanylan halatynda onuň möhüri pozulyp biler.Bu halatda altyny reňkden tanamak mümkin.Hakyky altyn sürtülmä duçar bolmaýar we öz reňkini saklap galýar.

Dişleme barlagy.
Ýyllar bäri kinolarda, teleýaýlymlarda görýän bu usulymyz aslynda hakyky tanama usullardan biri.Altyn ýumşak we aňsat işlenen metaldyr.Altynyň hakyky bolup-bolmadygyny tanamak üçin bu aýratynlyga üns berip bilersiňiz.Altyny dişleriňiziň arasynda goýup gaty dişleseňiz, dişiňiziň yzy geçer.Elbetde bu hakyky we altyn möçberi ýokary bolan bezeg önümlerde ýüze çykýar.

Magnit barlagy.
Altynyň hakykylygy tanamak üçin magnit barlagy hem ulanylýan esasy usullaryň biri.Magnit size altyn tanamakda gowy kömek berer.Eger-de magnit altyny çekse, altynyňyz hakyky däl ýasama önümdir.Munuň sebäbi hem altynyň magnetik madda dälligidir.

Agyrlyk barlagy.
Altyn agyrlygy ýokary elementdir.Hakyky altyndan ýasalan bir önüm başga bir ýasama ýöne,edil şonuň ýaly önümden agyr bolýar.Muny ýörite altyn üçin niýetlenen gr ýa-da mg ölçeýän terezilerde ulanyp bolar.Altyny agram tarapdan ölçemek üçin hakyky altynyň massasyny we göwrümini bilmek gerek.Massany takyk ýagny analitiki terezilerde ölçäp alyp bolar.Göwrüm almak üçin göwrüm ölçegleri bellenen suw gaby suwdan dolduryp içine altyny salmaly.Alnan netijäni massa bölenimizde netije g/ml-de çykar.Arassa altynyň agramy 19,3g/ml deň.Siz barlanyňyzda alan netijäňiz bu ululyga ýakyn gelse altynyňyz hakykydyr. Elbetde, bu usul üstünde daş saklanýan şaý-sepler üçin dogry däl.

Keramiki gap barlagy.
Ulanjak aňsat usullaryňyzyň biri hem keramiki gapda barlanylýar. Altynyňyzy ak keramiki gaba süýkäň. Eger gara çyzyk dörese, altynyň ýasamadygyny anyklarsyňyz.

Ses barlagy.
Altynyň arassa bolup-bolmadygyny tanamak meselesinde ses barlagy hem hünärmenler tarapyndan maslahat berilýär.Arassa altyndan bolan bir önümi,metal jisime uran wagtyňyz ýogyn bir ses çykýar.Eger inçe ses çyksa altynyňyz ýasamadyr.

Okislenme barlagy.
Bir barlagdan başgada gözümiz bilen görip boljak usul hem altyny tanamaga kömek berer.Altyna tozandan we çygdan täsir ýokmaýar .Eger altynyňyz yzygider garalyp durýan bolsa ýa altynyňyz ýasama ýa-da önümde altynyň mukdary azdyr.Arassa altyn howa we suw bilen täsirleşmä girmeýän esasy metallaryň biri.Esasanda, 24 karat bolan altyn şaý-sepleri uzak wagtlap saklansa hem ilkinji günindäki ýaly görnüşe eýe bolýar.

Proba daşy we barlag kislotasy.
Wagt geçmegi bilen altynyň ýüzindäki ýazgylary ýitip biler. Zergärler beýle zatlar bilen gabatlaşan wagtlary, daşa sürtme usulyny ulanýarlar.Bu ýerde ulanylýan daş ýörite proba daşydyr we bu altynyň hili barada maglumat almaga kömek berýär.Her bir zergärde bu usul ulanylýanyny görip bilersiňiz.Usulda proba daşyna altyn sürtülýär we çyzyk döreýär.Soňra bu çyzygyň üstüne kislota damdyrylýar.Kislota proba daşynyň ýüzündäki çyzygy aýyrsa, altynyň ýasamadygy ýa-da önümdäki altyn mukdarynyň azdygy ýüze çykýar.

Azot kislotasy bilen barlag.
Öýde ulanmak üçin howply usul, ýöne altynyňyzy tanamakda uly kömek berýär.Demir gaba altyny goýup üstünden 1 damja azot kislotasyny damdyryň.Ýaşyl reňkli bir reaksiýa dörese, önüm ýasamadyr.Sary reňkli reaksiýa dörese,altyna bürünç maddasy garylan, süýt reňkli reaksiýa emele geleninde kümşe altyn çaýylandygydyr.Hakyky, arassa altyn hiç hili reaksiýa girmeýär.
17
38
fasat
17 Sentýabr 2023
Full altynym aý altynym,😎 hemmeleri çözýän altynjemalym😎
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.