runia
17.09.2023 08:13

"Seni"


Içki syryň aýtma her bir namarda,

Syryň ile ýaýyp, paş eder seni.

Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,

Malyndan aýyryp, aç eder seni.


Sam-sam adam bilen

oturma, turma,

Zynhar, namart bilen

hemsöhbet gurma,

Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,

Barsaň depesine täç eder seni.


Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,

Jemalyny bir görmäge zar bolsa,

Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,

Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.


Sopular ýaňylyp, aýtmaz senany,

Säher tursaň geçjek barça günäni,

Aýtmawer gyýbat söz, etme zynany,

Dowzahyň oduna duş eder seni.


Magtymguly, ile ýaýdym nesihat,

Zynhar, ýaman bilen bolmagyl ülpet,

Hudaý berse sagadatly bir perzent,

Garrygan çagyňda ýaş eder seni.


Pyragy✧

32
118
runia
30 Sentýabr 2023
@angelface, Salam)
angelface
30 Sentýabr 2023
Salamlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.