🔸️Pluton planetasynyň bir ýyly Ýeriň 247 ýylyna barabardyr.
🔸️Manhetten adasy indeýlerden 24 dollara satyn alnypdyr.
🔸️Biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda Wezuwiýa wulkanynyň atylmasy bilen diňe bir hemmä belli Pompeý şäheri däl, eýsem, Gerkulandi we Stabiý şäherleri hem Ýeriň ýüzünden ýok bolupdyr.
🔸️Ýer ýüzüniň ilatynyň sany soňky 40 ýylda 3,1 milliard adam artypdyr.
🔸️Günbatar Awstraliýadaky Hilýer kölüniň näme üçin açyk gyzyl reňkdediginiň sebäbini henize – bu güne çenli bilip bilenoklar.
🔸️Ýer ýüzünde iň gurak ýer Antarktidanyň Gury jülgesi hasap edilýär. Ol ýerde indi iki million ýyl bäri hiç bir ygal ýagmandyr.
🔸️Afrika iň köp dilli yklym hasap edilýär. Afrikanyň ýaşaýjylary iki müňdenem gowrak dilde gepleşýärler. Olaryň arasynda iň kiçi dil bolan bilýa dilinde diňe 1998-nji ýylda Kamerun bilen Nigeriýanyň serhedinde ýaşaýan 87 ýaşly bir garry zenan gepleýär eken.
🔸️Gollandiýa bir wagtlar Niderlandlaryň welaýaty eken. Eýýäm XVI-XVIII asyrlarda Niderlandlaryň syýasy we ykdysady merkezi bolupdyr. Şondan bäri bu welaýatyň taryhy ýurduň umumy taryhy bilen şeýle bir gatyşyp gidipdir welin, indi Niderlandlar Gollandiýa diýlip atlandyrylyp başlapdyr.
🔸️Stambul iki yklymda ýerleşýän dünýäniň ýeke-täk şäheridir.
🔸️Kanadadaky kölleriň sany dünýäniň ähli kölleriniň sanyndan hem köpdür.
🔸️Ýaponiýanyň 70 göterimi daglyk ýerlerdir.
🔸️Ýaponiýanyň oba-şäherleriniň köçeleriniň atlary ýokdur.
🔸️Ýaponiýa 3900 adadan durýandyr.
🔸️Indoneziýada 17508 ada bardyr.
🔸️Beýikligi 8000 metrden geçýän daglaryň 14-si Aziýada ýerleşýär.
🔸️Dünýäniň iň beýik dagy Gawaýlardaky Mauna-Kea dagydyr. Onuň beýikligi okeanyň düýbünden 10203 metrdir. Onuň 4205 metri deňiz derejesinden ýokarda, galan bölegi bolsa deňiz derejesinden aşakda ýerleşýär.
🔸️Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň kiçi paýtagty Wermont ştatynyň paýtagty Monpelýe şäheridir. Onuň iki müňe golaý ýaşaýjysy bardyr.
🔸️Dünýäde iň ýelli ýer Antarktikadaky Wiktoriýa Ýeri hasaplanýar. Bu ýerde ýeliň tizligi sagatda 215 kilometre çenli ýetýär.
🔸️Ekwator çyzygy dünýäniň 13 ýurdunyň üstünden geçýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň uniwersiteti Tokioda ýerleşýär. Antarktikadaky Ueddel deňzi dünýädäki iň arassa deňiz hasaplanýar.
🔸️Günorta Amerika ýurtlarynyň arasynda diňe iki ýurduň — Boliwiýa bilen Paragwaýyň okeana çykalgasy ýokdur.
🔸️Amsterdam we Antwenpen şäherleriniň hersinde 26 ada bar. Sankt-Peterburgda 101, Wenesiýada 118 ada bar.
🔸️Çiliniň Atakama çöllüginde ýerleşýän Kalama şäherinde hiç wagt ýagyş ýagmaýar. Saud Arabystanynda ýekeje-de derýa ýokdur.
🔸️Ob derýasynyň 150 000 goşandy bardyr.
🔸️Nil derýasy dünýäde ekwatordan gözbaş alyp, aram klimata akýan ýeke-täk derýadyr. Beýleki derýalar onuň tersine akýarlar.