gullnara_
16.09.2023 22:10
Aşgabatly maşgala bir günde dört doglan güni belleýär
16-njy sentýabr — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, aşgabatly meşhur DJ Didar Gylyjowyň durmuşynda aýratyn wajyp gün. Onuň doglan güni gelni Maýsanyň doglan güni bilen gabat gelýär. Üstesine-de, olaryň aralary iki ýaş bolan ogullary —2019-njy ýylda doglan Mustafanyň hem-de 2021-nji ýylda dünýä inen Ýazmyradyň hem doglan günleri şol bir günde.
Indi bagtyýar maşgala ýylyň-ýylyna bu günde dört doglan güni belleýär. Bu özboluşly ýagdaýa her kimiň dürli hili garaýşy bolup biler. Kim muňa ähli şatlygy bir ajaýyp günde baýram etmek diýip düşünse, beýleki bir tarapdan şeýle bolmagy ählitaraplaýyn tygşytlylygy hem aňladýandyr.
Emma maşgalabaşy bu gabat gelmäni — ykbalyň bagyş eden şowlulygynyň, peşgeşiniň, maşgalanyň abadançylygynyň alamaty hasaplaýar. Şonuň üçinem Gylyjowlaryň maşgalasynda doglan güni bir saçagyň başynda, öýüň mylaýym töründe dabaraly bellemek däbi ýöne ýerden däldir. Ine, bu günem agzybir maşgala baýramçylyk saçagynyň başyna jem bolup, birek-birege owadan sowgatlary, esasanam, mähir hem-de söýgi sowgat edýär.
Çeşme: Türkmenportal
29
233
bitanem
17 Sentýabr 2023
Uzzk ýaşasynlar
myrataly_
16 Sentýabr 2023
Ayyy malades
orazow96
16 Sentýabr 2023
Uzak Yashasynlar tygshytlykdal bulam bir bagyt
Miss_Minnosh❤️
16 Sentýabr 2023
@seljukly, munyn bolya😁
Miss_Minnosh❤️
16 Sentýabr 2023
@seljukly, ona seret ilka tort kesdirjekdi innam barjak diysem cagalara seredersin diyyanmi😂
Miss_Minnosh❤️
16 Sentýabr 2023
@mawy, 😁
Miss_Minnosh❤️
16 Sentýabr 2023
@mawy, enen hany😁
Miss_Minnosh❤️
16 Sentýabr 2023
@seljukly, nesip bolsa bararyn🤗
Miss_Minnosh❤️
16 Sentýabr 2023
@gurbanowa, uzak yasasyn👍🏻
altyyeva
16 Sentýabr 2023
Gowdygny 😊❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.