gullnara_
16.09.2023 19:52
Leonardo da Winçi Mona Lizanyň ýylgyrýan dodaklaryny çekmek üçin 12 ýylyny sarp edipdir. Sebäbi ol şol ýyllaryň arasynda 1888 sany başga surat çekipdir, iki sany suw diňini gurupdyr, 1000-den gowrak oýlap tapyşlaryň şekilini çekipdir. 300-e golaý şähere syýahat edipdir. Onuň daşyndanam birnäçe işde işläp, ipoteka karzyny üzüpdir...
😊😊😊
-Näme üçin dünýäde millionlarça erkek kişiler Mona Lizany halaýarlar? -Sebäbi ol hemişe geplemän, diňe ýylgyrmak bilen çäklenýär.
😊😊😊
Leonardo da Winçiniň Mona Liza Jokondasy barada şeýle henekler bar: Taryhçy alymlar ahyry Mona Lizanyň matally ýylgyrysynyň syryny açypdyrlar: Görüp otursalar Mona Liza şol pursat adamsynyň özünden bukup goyan puljagazyny tapypdyr.
😀😀😀
Siz Mona Lizanyň ýylgyryşyna Fransiýanyň Luwr köşgündäki muzeye gitmezden tomaşa etmek isleýärsiňizmi? Onda aýalyňyzdan öz aýlygyňyzy nirä gizländigini sorap göräýiň.
😃😃😃
Britan fiziognomist alymlary Mona Lizanyň ýylgyryşynyň syryny ýorup, onuň pikirini okanlarynda şu jümle emele gelipdir: -Ýarty çüýşe aragy başyňyza çekiň-de, eliňize-de ýarty kerpiji alyp köçä çykyň, özüňizem öňüňizden çykan adama mümkin boldugyndan mähirli we syrlyja ýylgyryň. Şonda siz adamlaryň nä derejede salyhatly we mylakatly bolup bilýändiklerini aýdyň görersiňiz!
😆😆😆
Interneti çakdan aşa köp ulanýan, bir ýetginjek öz ata-enesi bilen Fransiya syýahatdan dolanyp gelipdir. Mugallyma ondan Parižde Luwr köşgüne baryp görendiklerini ýa-da görmändiklerini sorapdyr. Yetginjek Luwra barandyklaryny aýdypdyr. Mugallyma:
-Ol yerde saňa haýsy sungat eseri has gowy ýarady?-diýip sorapdyr. Netkeş ýetginjek:
-Smaylik.-diýip jogap beripdir.
-Haýsy smaylik?
-Şol Leonardo da Winçi diýilýän dizayner tarapyndan yasalan "Mona Liza" diyilýän ýylgyryp duran smaylik-le...
😅😅😅
Medeniyet çygryndaky täzelikler: Hünärmenler tarapyndan Mona Liza suratynyň aşaky bölegi tapyldy. Sungat eseriniň ol bölegi boýunça bilermen seljermesi geçirilenden sonra, şol suratda Leonardo da Winçinin öz portretini çekendigi barada alymlarda hiç hili şek- şübhe galmady.
😃😃😃
Jokonda öylenmäge höwes edýän
sallahlaryň dykgatyna: Ruhyýeti öwreniji alymlar nikadan soňky maşgala durmuşynyň häsiyetli aýratynlyklarynyň Jokondany Drakonda öwürmeginiň ähtimallygynyň derejesini 87 göterim diýip hasap  edilýär.
😄😄😄
Leonardo da Winçi Jokondanyň ýylgyryşyny 12 ýyllap çekipdir. Hazirki döwrüň kompyutere ezber yigitleri bolsa islendik albassyny fotoşopda 12 minudyň dowamynda perizada öwürýärler.
😂😂😂
Fiziognomikadan (ýüz-keşbiň alamatlaryndan ugur alyp, adamyň pikirlerini okamak) ýokary derejeli hünärmenler Mona Lizanyň ýylgyryşynyň syryny ýorup, onuň pikirini okanlarynda şu jümle emele gelipdir: -Gatygy kimin dökendigini men bilý-ä-ä-n!
😂😂😂
-Ahyryn Jokondanyň ýylgyryşynyň syry ýoruldy-ow!-diýip, arryjak sungatşynas aýalyna begenç bilen buşlapdyr. -Yeri, onsoň?-diýip aýaly biparhlyk bilen dyrnaklaryna timar berip oturyşyna sorapdyr.
-Jokondanyň suratyny çekende suratkeş cyp-ýalaňaç ekeni. Onuň şol sypaty hem Jokondanyň dodaklarynda syrly gülümsiremäni emele getiripdir... Aýaly dyrnagyna timar bermesini goýup, sungatşynasa geňirgenme bilen garapdyr- da, müňkürlik bilen hümürdäpdir: -Mümkin däl. Sebäbi mysal üçin men-ä saňa şeýle ýagdaýda seredemde seniň sypatyň näçe kindiwanja bolsa-da mende syrly ýylgyrmaga höwes döretmeýär-de, özümiň şum täleýime agymy tutdurýar...
😊😊😊
17
218
tmyigit76
17 Sentýabr 2023
😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.