wepayewa_
16.09.2023 20:17

Internet bolmasa näme etmeli? Bu soraga jogap tapmak üçin ýazgylarymyzy ünsli yzarlamaga başlaň! Ine, size 30 sany peýdaly güýmenje!


1.Kitap tekjäňiz bar bolsa, olary harplaryň tertibi boýunça tertipleşdiriň. Ýa-da bolmasa kitaplary žanrlar boýunça toparlara bölüň.

2.Öýüňizi, ýaşaýan komnotaňyzy tertipleşdiriň. Arassa, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň.

3.Öz pikirleriňizi bir depder döredip, depdere ýazyň. Bir aýlyk, bir ýyllyk meýilnamalar düzüň.

4.Öý haýwanlaryňyz bar bolsa, olar bilen wagt geçiriň. Olary ýuwundyryň, iýmitlendiriň, olar bilen oýnaň.

5.Uklap, dynjyňyzy alyň. Uky adam saglygy üçin wajyp.

6.Dostlaryňyza jaň ediň.

7.Ýakyn garyndaşlaryňyza myhmançylyga gidiň.

8.Öýüňizde bejermeli zat bar bolsa, ony bejeriň.

9.Eger siz gatly jaýlarda ýaşaýan bolsaňyz, balkonyňyzy tertipleşdiriň.

10.Saz gurallarynda saz çalmaga çalşyň.

11.Telefonsuz açyk howada gezelenje gidiň.

12.Owadan ýerlere syýahata gidiň.

13.Muzeýe gidiň, taryhymyzy öwreniň.

14.Dostlaryňyz bilen kino gidiň.

15.Öýüňizde, agşam stoluň daşynda dostlaryňyzy toplap, dürli oýunlar oýnaň.

16.Özüňize erk berip – aglaň! Internedi ýitirmek bu käbir adamlara kyn

17.Sport bilen meşgullanyň.

18.Aşpez bolmasaňyzda, maşgalaňyz, dostlaryňyz üçin süýji naharlar taýýarlaň.

19.Telewizor görüň.

20.Fotoalbomlary görüň.

21.Gözellik günini geçiriň (gyzlara degişli)

22.Akwaparka gidiň.

23.Öý mebelleriniň orunlaryny üýtgediň. Bu bolsa siziň üçin başgaça görüner.

24.Derýa ýa-da deňiz ýakasyna gidiň.

25.Gözüňizi ýumup, uludan dem alyň.

26.“El hünärli – il gezer” diýlişi ýaly, el işlerini dörediň.

27.Öýüňizi remont etmäge başlaň.

28.Söwda dükanlaryna gidiň.

29.Täze duşuşyklara gidiň.

30.Aýnanyň öňünde, bir käse kofe içip, daşarda dowam edýän durmuşa göz aýlap, pikirleniň. Düýbünden başgaça duýgulary başdan geçirersiňiz.

Bularyň ählisi siziň üçin peýdalydyr. Internet ýok bolsa gynanmaň, siz bu zatdan başga kän peýdaly işleri edip bilersiňiz.

15
75
wepayewa_
16 Sentýabr 2023
@Bitter, hakyky bolya kawagt😁😉🙃
wepayewa_
16 Sentýabr 2023
@Bitter, menem okayan intsiz yere gitsem sayrak guśy śo bar sony dynmaly okap
wepayewa_
16 Sentýabr 2023
@ddddd, ha name boldy😊🙃🤔🙄
ddddd
16 Sentýabr 2023
9...balkony tertiplesdiirmek🤦🤦
wepayewa_
16 Sentýabr 2023
@Kmg gurt, spasiba uzmerin nesip bolsa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.