gulalek_poetess
16.09.2023 01:35

Biziñ aramyzy menziller alýar,

Hijem unutmaryn şadyýan ýüzüñ.

Utanyp, ýüregim gaytadan urýar,

Haçanda düşende gözüme gözüñ.


Gözümi açamda huşumda sensiñ,

Hyýallamda seniñ keşbiñ janlanýar.

Bilýän senem oñup bilmersiñ mensiz,

Seniñ bilen sagat çaltam aýlanýar.


Indi goldaw ýogam gelen ýerlemde,

Dertlerime derman bolup Bermane,

Bile bolmak mümkincilik berlende,

Howlugardym ýene seni görmäne!


Ýakyn dostumy unutmaryn hijem,

Indi duşuşyga garaşýan her gün,

Nesibämde bolup, düşäýse bijäm,

Uçaýjak bolýar heýjandan göwün.

10
26
gulalek_poetess
16 Sentýabr 2023
@fasat, minnetdar ☺️
fasat
16 Sentýabr 2023
Full👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.