Aramyzda bagta çydap biljegimiz gaty azdyr.
Has takygy – ýakyn adamymyzyň bagtyna çydap biljegimiz.
Mark Twen
7-njy klasda okaýarkam bir klasdaş gyzymy halapdym. Hawa, ýaşlyk söýgüsi. Köp wagtymy onuň bilen geçirjek bolýardym. Öýden alma getiren bolsam onuň bilen paýlaşýardym ýa-da bitinligine berýärdim. Söýgi oduna kül bolanym üçin okuw kellämden çykypdy. Muňa garamazdan, ol gyzdan öz duýgularymy ýaşyrýardym. Bir gün men ondan kimdir birini halaýandygyny ýa-da halamaýandygyny soradym we muňa şol wagtyň özünde puşman etdim. Asyl görüp otursam, ol klasdaşymyz oglana göwün beripdir. Ondan bäri esli wagt geçdi, ýöne şol wagt nähili duýgulary başdan geçirenim entegem ýadymda. Şol wagt ganymda gaýnap duran adrenaline "päk söýginiň" alamatydyr öýdüpdirin. Aslynda welin bu diňe gabanjaňlyk bilen .......