gulkaa
14.09.2023 08:02

Temperament

Holerik: (sary öt) deňagramsyz (durnuksyz) ýa-da özüni ele alyp bilmeýän, gaharjaň adamlar bolýarlar. Ýöne olar köp meseleleri çözmäge hyjuwy ýapyşýarlar. (Mysal üçin Karabas-Barabas ýa-da Dartanyan)


Flegmatikler: (flegma-limfa) durnukly we az hereketli adamlardyr. Olar işi ahyryna çenli edýärler we kyn ýagdaýlardan aljyraman baş alyp çykyp bilýärler.(Mysal üçin Tortilla ýa-da Aramis)


Sangwinnikler: (sangwis-gan) durnukly şadyýan we alçak adamlardyr. Olar üýtgeýän şertlere derrew uygunlaşyarlar, kynçylyklara garşy aktiw göreşýärler. Ýöne olar işden ünsüni çalt sowyarlar we olaryň şol işe bolan höwesi islegleri çalt gaçýar. ( Mysal üçin Buratina ýa-da Portos)


Melaholikler: (melayn hole - gara öt) gowşak özüne ynamsyz sussy pes adamlar bolup olar köpçülik bn gatnaşyk etmekde kynçylyk çekýärler . Olar gorky we howsala çalt düşýärler. Ýöne olaryň duýgurlygy ýokary bolup daşky hakykaty has inçe kabul edýärler. ( Mysal üçin Pyero ýa-da Atos)


Adamlar dürli şertlerde dürli temperamentlere degişli alamatlary ýüze çykarýarlar.


Sen haýsyna degişli?...

16
147
gulkaa
15 Sentýabr 2023
Internetde bir test edip gördüm sangwink çykdy
okayjy
15 Sentýabr 2023
Sangwink ( Buratino)
gulkaa
15 Sentýabr 2023
Temperamenti nähili edip bilseň bolýar
gulkaa
15 Sentýabr 2023
Salam hemmä
teacher
15 Sentýabr 2023
Flegmatik
gulkaa
14 Sentýabr 2023
Dogry@mawy,
gulkaa
14 Sentýabr 2023
@mawy, nähili soraglar berdi
gulkaa
14 Sentýabr 2023
@mawy, nähili edip test etdiň
vvvvv
14 Sentýabr 2023
@gulkaa, Gippokrat, Kreçmer, Pawlow
gulkaa
14 Sentýabr 2023
Temperament latynça "bölekleriň gatnaşyklaryna degişli".Temperament düşünjesini Klawdiý Galen girizipdir. Temperament bu psihanyň dogabitdi we üýtgetmez häsiýetidir. Gippokrat adamlarda temperamentiň 4 görnüşini tapawutlandyrypdyr. (Iwan Petrowiç hem ş.m toparlary tapawutlandyrýar.)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.