shemshat
13.09.2023 18:58

Biziň dünýämizde dostlukdan gowy we eziz zat ýok bolsa gerek.


SISERON


 


Dogan dost bolman biler, emma dost elmydama dogandyr.


Benjamin FRANKLIN


 


Dostluk meýilleşdirilmeýär. Söýgi özgelere aýdylmaýar. Hakykat subut edilmeýär.


Fridrh NIŞSE


 


Akylly adamlar bilen dost boluň! Käte akmak dost akylly duşmandan hem howpludyr.


Ernest HEMINGUEÝ


 


Kemçiliksiz dost gözleýän adam dostsuz galar.


Arap nakyly


 


Öz dostlaryňyzdan duşman etmezlige çalşyň, tersine, duşmanlaryňyzdan dost tutunyň.


PIFAGOR


 


Öz wepaly dostuňy kyn gününde terk etmek iň beýik baýlygyňdan mahrum bolmakdyr.


Gerbert WELS


 


Gowy dostlar, manyly kitaplar we arassa ahlak ajaýyp durmuşy emele getirýän esasy sütündir.


Mark TWEN

17
41
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.