gullnara_
13.09.2023 14:22
TILKINIŇ TUTAN TOÝY

Tilki bir gün toý etdi.
Toýa gelen sowgat kän
Towuk ýumurtga eltdi
Ýolda-yzda owratman.
Balyk teňňe getirdi,
Kirpi iňňe getirdi,
Üýşüp guşlaň köpüsi
Ýelek ýassyk getirdi.
Gargalar gijä galyp,
Äpet maslyk getirdi.
Ördek toýun getirdi,
Möjek goýun getirdi.
Gurbagalar tans edip,
Sazly oýun getirdi.
Iki şagal ogurlap
Gara gazan getirdi,
Gara gazan içinde
Goşa gazam getirdi.
Düýe odun getirdi.
Garaz, her kim bu toýa
Tapan zadyn getirdi.
Gňzleri ala hüwi
Getirdi bir put tüwi.
Garynjaň geireni
Iki halta gallady.
Towşan käşir getirdi,
Aýy bolsa bir çelek
Bal alyp geldi toýa.
Balyň yzyn yzarlap,
Balaram geldi toýa.

Ýene toýa gelen kän,
Aýdyp-diýer ýaly däl.
Gelen zadyň bir günde
Baryn iýer ýaly däl.
Palaw bişse, paýlara
Okara ýok, çanak ýok.
Eliň bilen iýmeseň,
Çemçe bilen ýabak ýok.
Çemçe ýerine penje—
Nahara el sokara.
Ýene hökman gerekdi
Ullakan bir okara.

Ýagly palaw bugaryp,
Az galanda bişmäge,
Haýwanlaryň dadyna
Ýetişäýdi pyşbaga.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy
©Atamyrat Аtabaýew
22
73
wolf
13 Sentýabr 2023
Buw bu toyuñ işi gorulya hazir it vs pisik, ayy vs bal ary, mojek vs tilki, tilki vs towuk, garynjalar vs towuk, guslar vs garynjalar, mojek vs towsan baybuw 😱
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.