teacher
12.09.2023 01:09

Mugallym - Allatagalanyñ bu ajaýyp zemine eçilen mukaddes ylymlaryny ýaş nesle öwredýän ynsan. Ol arassa, päk we dury çeşme kibi nesilleriň añyna edep-terbiýe guýýar.

Çaga bilim şalygynyň gapysyny açyp, ony töre geçirýän-de mugallymdyr. Mugallymyň kömegi bilen çaganyñ dünýägaraýşy giñäp, ol bu ümmülmez dünýä düşünmegiñ ilkinji ýodasyna gadam basýar. Mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çaganyñ eline galamdyr depder tutduryp, ilkinji "A" harpyny ýazdyran mugallym, ertirki gün onuñ diñe bir halypasyna däl, eýsem, ýakyn dostuna öwrülýär.

Mugallym - ol her bir adamyñ kalbynda baky orun tapýan ynsan. Ol çaganyñ zehin gaýmagyny goýaldyp, bilim paýhasyny berýär. Mähriban mugallymlarymyzy ikinji enem-atamyz diýip hasaplamak bolar. Säher bilen ak pata berip, bizi ýola salýan eziz käbelerimiz bar bolsa, şol säherde mekdep gapysyny açyp, "Hoş geldiň!" diýip mähir bilen garşy alýan mähriban mugallymlarymyzdyr.

37
88
okayjy
12 Sentýabr 2023
Türkmen dili we Edebiýat mugallymymy esasan halaýadym. Hekaýalar we gowy gürriñler aýdyp bererdi...👍
fasat
12 Sentýabr 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.