gulalek_poetess
12.09.2023 00:16

Arslan Tejenow:


Dünýäniñ in uly baýlygy, bagty,

Maşgaladyr, ondan uly zadam yok.

Ulalyp düşündim, pany dünýede,

Eneñdir-atañdan eziz adam ýok.


Enemdir, aç wagty özi iýmäni,

Maña uzadypdy iñ soñky nany.

Kakamdyr meñ üçin aýaman jany,

Gije-gündiz ýatman aladam eden,

Mähribanlam unutmaryn sizi men.



Gülälek Hudaýgulyýewa:


Waspyñ etmäne sözlem ýetenok,

Yetmez tarypyña şirwan perdesem.

Käbäniñ söýgüsin hiç kim berenok

Özge ýerde söküp, näçe gözleseñ.


Ýadamda kellämi dyzyna goýsam,

Hüwdiñ heñi sarsar degre-daşlary.

Aç başyma okarama ýapyşsam,

Göýä Melhem kimin beren aşlary.

14
86
gulalek_poetess
13 Sentýabr 2023
@okayjy, sagbol minnetdar ☺️
okayjy
12 Sentýabr 2023
@gulalek_poetess, Salam. Günde 1 post goýup bilýäñ !
gulalek_poetess
12 Sentýabr 2023
Salam gadyrdanlarym. Name ucindir galan goşgulammy ýükläp bolanok? Jogabyny bilyan bolsañyz haýyş edýän jogaplaýyñ☺️
gulalek_poetess
12 Sentýabr 2023
@okayjy, sagbolun minnetdar ☺️
gulalek_poetess
12 Sentýabr 2023
Wah iñ gynandyryan yeram dessan yazyan yok sebabi adamlarañ onkiden daş yurek boldular☺️içinden duygy geçenok dessan ýazar yaly@garajaoglan,
gulalek_poetess
12 Sentýabr 2023
Her kimiñ öz ýörgunli stili bar. Her kim içinden geçeni ýazýa☺️ Guýma gursak bolmasa dürtme gursak neýlesin@garajaoglan,
okayjy
12 Sentýabr 2023
Gowy gošgy bolupdyr. Üstinlik 👍
gulalek_poetess
12 Sentýabr 2023
@garajaoglan, şygyr döretmek üçin hiç wagtam giç däl☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.