awgust
11.09.2023 07:40

Şokolad ýokmy,pampaza bor,

Barjak!

Gök çay demleniber!

Meni küysäp içiň gyssa,

Aydym ayt-da hiňleniber!


Sahydursyn ýa Züleýha,

Nuryagdymy haysy gerek?

Diňläp lezzet alarys biz,

Iymesek-de manty,börek.


Gürrüň edip süyji-süyji,

Yatlarys biz geçenleri.

Çagalygmyz,mekdep döwri,

Obamyzdan göçenleri...


Garaz,gürrüň tapylyp dur,

Iki kelle bir bolanda.

Dünyäň ala-yaz bolýa-la,

Aýal dogan ýylgyranda.


Halym sorap jaň edip dur,

Dynma ýog-a iş-alada.

Senli geçen bir günümem,

Men çalyşjak däl manada.


Gör-ä,ömür gaty gysga,

Gelen geçip baryar häli.

Saglyk bilen didarlaşmak,

Bezeýändir şu dünyäni.



Awtor:Özüm



(Halan bolsaňyz like goymany unutmaň!)

51
94
0913
11 Sentýabr 2023
Gaty gowy düzüpsiň, 👍👏💕❣️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.