Sähel zada ejizleýän,
Men bir sada görgüliň!
Geldim ýene huzuryňa,
Bütin ömür bergilim!
Sen dälmidiň çaga wagtym
Aglanymda köşeşdirip,
Sen dälmidiň örüm saçym
Emaý bilen çözleşdirip,
,, Entäk-entäk dirikäm bir,
Ýaş dökmegin gyzym " diýen.
,, Mele buýra saçjagazyň,
Sowuk ýele dözmen " diýen.
Şol günlerem daşda galdy,
Durmuş ara saldy wagty.
Ýöne, ýene agladym men,
Öňkümden has tapawutly.
Sebäp käbir duýgularym,
Ýüregime berýär agram.
Käbäm, indi barmagym däl,
Has näzigräk ýerde ýaram.
Köp ýerlerde sada boldum,
Köp ýerlerde gödek boldum.
Ýöne seniň diýişiň dek,
Ejizlere hemra boldum.
Indem özüm ejiz gelýän,
Durmuşyň agyr-ýeňlinden.
Şonda-da men ýeňilmerin,
Sypap durýarkaň egnimden.