gulalek_poetess
13.09.2023 07:39

Gözel durkuñ nämelere deñesem?

Özgelerde görkezmegem islämok!

Waspyña ýetmezem şirwan perdesem,

Käbämi hiçzada deñäp bolanok!


Balam açdyr diýip iýmän gezendir,

Bukjasyna salyp goýan nanyny.

Her bir köpügini maña siñdirip,

Çagasyna bagş edendir baryny.


Aýaga galdyrdy mähriban ejem,

Ýaş başyma soramandyrn halyny.

Ýola düşenimde rahatlyk duýýan,

Pata berip, öpeninde alnymy.


Gaygy-gamlaryny ýylgyryp gizläp,

Berdi baryn, hijem dözmän özüne.

Her kim üçin sada gelin bolsañam,

Inen perişdesiñ meniñ gözüme!


Gerdenime ýükläñ hemme gussany,

Ýöne Ejemjana hiç zat bolmasyn!

Ýykylyp namazlyga her gün ýalbarýan,

Men solaýyn, ejem hijem solmasyn!

19
102
gulalek_poetess
10 Sentýabr 2023
❤️@awgust,
gulalek_poetess
10 Sentýabr 2023
@bitanem, sagboluñ. Gynanmañ ejeler kalpda we biziñ ýatlamalammyzda ýasayandyr.
bitanem
10 Sentýabr 2023
Berekella eje hakda kòp ýazyñ ejeñiziñ gadyryny biliñ şu gùnem ejemi ýatlap kàn agladym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.