mekana
10.09.2023 10:13

Jaň edeniňi görmändirin, telefonum sessizde durdy” diýenimde, ynanýan adamlara nebsim agyrýar.


*****


Otuz surata düşüp pozdukdan soňra ýüzüň däl-de ýüregiň owadan bolmaly diýen netijä geldim.


*****


Pasportdaky suratdan gorkunçrak surat diňe pasportyň kopiýasynda bolýar.


*****


—Men ýuwýan, ýygnaýan, nahar taýýarlaýan, ütükleýän, men özümi edil Zoluşka ýaly duýýan.


— Ezizim men saňa aýtdyma meň bilen durmuşyň edil ertekilerdäki ýaly bolar diýip.


*****


Aýalyma ýalňyşlaryňdan ýüz öwürme, olary gujakla, diýdim welin duýgulandymy nämemi geldi meni gujaklady.


*****


Biri “aramyzda galsyn” diýende, aklymda aýtjaklarymyň sanawy düzülýär, gaýtam, tersine uly ile ýaý diýse şol bada unudýaryn.


*****


Daňdan sagat 06:00 bilen 06:05 arasynda gaty ullakan tapawut bar.


*****


“Seni söýýän” diýmek aňsatdyr. Asyl diliňe kyn barýan zat “Baý aýal lal aýal” diýmekdir.

15
159
dmoo
10 Sentýabr 2023
👍1😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.