garlawac
10.09.2023 10:12

Men kosmasda, sen henizem ýerdemiñ?,

Meni bu ýerlere hyýallarym getirdi,

Janyñ sagmy, zemin asudalykmy?...,

Men seni synlaýan senden alysda,

Aýyñ-günüñ ýakynynda ýaşaýan,

Ýyldyzlaram menden uzak däl indi,

Diñe seni görýän gökden seredip,

Setirlere kapýa gerek däl indi,

Diñe sen hakynda pikir ýöredip,

Atmasfera barmagymy degirýän,

Ol indi geçirmez senli tarapa,

Seni hem geçirmez menli tarapa,

Ikimize böwet bolar müdümi,

Has berkeder aramyzyñ serhedin,

Men kosmasda, sen henizem ýerdemiñ?.


bu ýerlere sesiñ gelmez, ses ýetmez,

Bu ýerlerde bagty çözenok pulam,

Şerbazlyk ýok, adalat ýok, kanun ýok,

Erkinlik köp, ýeke başym dynç gulak.


Sizde wagt tiz geçýänin duýýan men,

Ýene baglar gurar birazsalymdan,

Köp gussasy bir-birine çalymdaş,

Öwüsýändir häzir Güýzüñ şemaly.

Mälim däl-kä saña meniñ ýitmegim,

Gözleýänsiñ, ýa belki begenýänsiñ,

Sen şonda-da umytlarñy itmegin,

Men asmana uçdum unutmak üçin,

Senli günleñ, geçmişini, her demin,

Sen henizem ýerdemiñ?...


©Baýram BEJIDOW

15
62
okayjy
10 Sentýabr 2023
Aýyñ-güniñ ýakynynda ýaşaýan...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.