cilek
09.09.2023 08:13

Ýanýoldaşsyz ýaşap ýören bir daýza öýde mesge ýasap satýan eken we her gün şeýdip işleýän eken.Ýöne dükançy hiç haçan alan mesgesini terezide ölçäp görmändir.Bir gezek ol şübhelenip daýzaň getiren mesgesini ölçäp görýär.Görse 1kg diýip alan mesgesi 900 gram bolup çykýar.Ertesi gün daýza dükana ýene mesge getirende dükançy :"Indi senden mesge almaýan diýýär".Daýza hem gynanyp: "Bagyşlaň,men näme etdim"diýýär.Dükançy beren mesgesiniň 1kg däl-de 900 gram çykanyny aýdyp ony utandyrýar.Daýza bolsa:"Bagyşlaň,meň terezim ýok.Öň bir gezek sizden alan 1kg şekerimi terezi hökmünde ulanýan"diýýär.Dükançy utanjyndan näme diýjegini bilmeýär.


Bu dünýä ekeniňi ordurýar,kime näme etseň,garşylygy bir ýerden gelýär...


Durdygylyç Ýarjanow

29
91
0331
10 Sentýabr 2023
👍👍👍👍👍
dgyy
9 Sentýabr 2023
👍
cilek
9 Sentýabr 2023
@12445, 👍🏻
aglar
9 Sentýabr 2023
@12445, dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.