Salam ildeşler!Men size bir peydaly maslahat beresim gelyär.Gara ýag(pagta,zawod yag) bilen arynyň çeynelen mumyny garyp otda goyup gyzdyrmaly.Mazaly garyp bolanyňdan soň ikisi alyşyp başlayar we sowansoň krem görnüşine gelyär.
Endamdaky bişen yerňiz pakgaryp duran bolsa gyrkyp ayyryň.Onuň içine ilki suw yygnanyar,soňra bolsa iriňe öwrülyär.Hokman yüzüni gyrkyň.Ýaňky melhemi arassa(medisina) hasaň(marly) yüzüne mesge çalynşy ýaly galyňam däl yukada däl aralyk edip çalyň.Hasany mazaly bişen yanan yerňize saraň.Irden-agşam perewyazka ediň.Hat-da awap duran agyrsynam şo bada köşeşdirer.Muny dowamly gündelik gaytalaň tä yaraňyz soluşyança.Muny güyçli yaşly tebipden öwrendim.Siz meniň aydanlaryma ynanmazlygyňyz mümkin.Yone şony edip görüň soň sagbolsun aydarsyňyz.
7-8aylyk oglumyň peje eliniň ayasy bişipdi.Şo melhemi çaldym,yara yzyndan nam-nyşan goymady.Indi bu melhemi özüm hem ýasap başladym.Kösenyänler alyar soň alkyş aydyarlar.
-Bu melhemiň yene-de bir peydaly tarapy bar.Melhemi böwrek,bil,ayak niriňde sowuklama(wospelenya)gury agyry bar bolsa çalyp yyljajyk edip agşam sorap yapsaň,ertire agyrydan nam-nyşan goyanok.Muny özüm hem ulanyan.
-Diyjek bolyanym sizem muny kösenýän ildeşlermize aydyň.Adam adama sebäp.Hassahana gidip kösenmesinler.
(Düşünmedik zadyňyz bolsa soraberiň)