gullnara_
08.09.2023 19:05

*Gyzlarda söýgüniñ başy gaty gowy başlaýar we ahyry hem şeýle gutarýa:

Ezizim, Ýürejigim, Katýonok, Kiçijegim, Gowujam, Samsyjagym, , Kellesiz, Petuh, Dalban, Çurban, Mal, Görmek islämok seni, Ýigrenýän:)


*Özüñ jañ etmeseñ etmerin inni,

Näme etseñ şony et ýatlama meni,

Kyn bolsada hökman unudaryn seni,

Arkaýyn ýatda dynjyñy al indi.

(Gara Ahmedow)


*Durmuşymdan çykardym şugün birini,

Olam tapaýsyn indi öz ýerini.

(Gara Ahmedow)


*Sen doguldyñ, şonda senä agladyñ, tutuş dünýä bolsa ýylgyrdy. Sen şeýle bir ýaşa, öleniñde senä ýylgyr, dünýä bolsa aglasyn.


*Öňki söýgüli, Öňki maşyn, Öňki dost, Öňki öý bolar. Emma "Öňki Eje", "Öňki Kaka", "Öňki Dogan" bolmaz. Durmuşda iň gymmatly baýlyk Maşgaladyr.


*Ýylgyrmagyñ añarsynda gamgynlygyñ barlygyny. Gaharyñ añarsynda söýginiñ barlygyny. Sen dymyp otyrkañ hem näme aladañ barlygyny bilýän adama ýüregiñi ynansañam bolar.


*Menä öýlenjek däl, sebäbi birine öýlensem beýlekiler menden gaty görerler!


*Gaharlanmak - bu haçanda, diliñ kelläñden tiz işlän halaty.


Bilýäňmi, gel indi "Ok"-eý sözini ulanmalyda Türkmen sözi bolan "Bolýar" sözüni ulanaly, ok? - Ok.

23
145
vekil_city
17 Sentýabr 2023
Maşgala... Käşgä Maşgala diýeniň doly bolsady...
0331
10 Sentýabr 2023
👍👍👍👍👍
Miss_Minnosh❤️
8 Sentýabr 2023
Yylgyrdym🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.