mayushq
08.09.2023 19:04

Ýagşy bilen ýamanyñ tapawudyny bilmedik , öwgi bilen sögünjiñ tapawudyny hem bilmez.






Eger baýlyk jemleseñ , bu baýlygy gazanýan wagtyñ ony sowýan wagtyñdan uzak bolsun. Eger sen ylym öwrenseñ , onda ony öwrenýän wagtyñdan başgalara öwredýän wagtyñ uzak bolsun.






Köp adamlar özleriniñ käbir gylyk- häsiýetini ýaşyryn saklamak isleýändirler. Emma olar gyssanmaç hala düşenlerinde ýa-da şerap içenlerinde bu gylyk- häsiýetleri dury çeşmäniñ düýbünde ýatan daş kimin äşgär bolýandyr.






Wagty sarpaly tut! Ähli ýitirilen zadyñ öwezini dolup bolar. Emma wagtyñ öwezini-de dolup bolmaz, yzyna-da dolap bolmaz.

14
36
mayushq
9 Sentýabr 2023
@awgust, 🙂💓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.