Bir gün Isa pygamber bir derýanyň gyrasyndan geçip barýarka bir oglanjyk derýanyň gyrasynda otyran eken. Derýada bolsa birnäçe oglanjyklar suwa düşýär ekenler . Isa pygamber oglanjygyň ýanyna baryp näme üçin oturandygyny sorapdyr we oglanjygyň kördügini görüpdir. Isa pygamber şol oglanjygyň gözleriniň açylmagy üçin Allah'a sežde edip ýalbarypdyr. Ýaňky oglanjygyň gözleri görüp başlapdyr we derýa tarap ylgapdyr. Ol derýanyň aşagyndan ýüzüp ýaňky suwa düşüp oturan oglanjyklaryň aýaklarynyň damaryny kesip çykypdyr. Isa pygamber geň galypdyr we şol wagt arşdan ses gelipdir:"Şol oglanyň gözleriniň görmezliginiň sebäbi bardy".
Allah'a şükür etmelidiris . Onuň biz üçin eden her bir zady bähbidedir. 🤲