ŞEÝLE SÖÝ
Söý ezizim döwrümi, söý ýürek bilen
Söý ähli duýgylaň bagş edip söýgä
Gel bile goraly söýgi ýolunda
Hormat goýmak üçin ajaýyp duýga
Söý ähli gaýgyny çykaryp ýatdan
Söý bu şat ilimi, ajap durmuşy
Söýgi bilen ýatyp, söýgi bilen ör
Söýgi bilen gurlan dünýäň gurluşy
Söý meni perizat Balahusnynyň
Şazada Bähremi söýüşi ýaly
Ýa Kaýysyň söýgä bolan höwesin
Gundogda Leýliniň duýuşy ýaly
Söýgi deňiz bolsa sen gulaçlap ýüz
Döz gel onuň gomlarynyň urşuna
Göz öňüne getir öten aşyklaň
Söýgi üçin özün oda urşuna
Şeýle hormat goýsak mukaddes söýgä
Saklanar dünýäde söýgiň sarpasy
Päkligi ýadygär galdyrmaly biz
Öwreneri ýaly nesliň körpesi