Aýjahan hernäçe garşy bolsada,ene-atasy bilen täze öýe göçmeli boldy.Öwrenişen öýüni,gowy gatnaşýan goňşylaryny taşlap gitmegi hijem islänokdy.Näçe garşy bolsada peýdasy bolmady,sebäbi öýde diňe kakasynyň sözi kanundy.
Olar uly howlyny satyp,dört otagly öýe göçdiler.Eşidip otursa bu öý örän arzan satyn alnan eken.Göçüp gelenlerine bir hepde bolup-bolmanka goňşular tanyşmaga gelip gidip başladylar.Gürriňiň arasynda goňşular,öý eýelerinden: "Sag otursyňyzmy,öý bimaza edenokmy özi?!"-diýip soradylar.Ejesi bu gürriňe üns bermedi.Ýöne Aýjahan goňşularyň sözleýiş äheňine,olaryň gorky bilen öýüň içine seredişlerine we tizräk öýden turjak bolmaklaryna şübhelenip,olardan sorady:
-Näme öýem adamy bimaza edip bilýärmi ýa kimdir birini bimaza etdimi bu öý?!
Goňşylary bir-birlerine köp manyly seretdiler.Ýaşulyrak goňşy aýal,düşünişmezçiligi aýyrmak üçin söz başlady:
-Gaty görmäň goňşular,ýöne bu öýde sizden öňem köp adamlar ýaşajak boldular.Sebäbi öý merkeze golaý,gatnawa aňsat,üstesinede bahasam arzanlygy adamlary özüne çekýädi.Ýöne kim satyn alsada bir hepde geçip geçmänkä,bu öýi satmak bilen bolýadylar.Satylmagynada garaşman taşlap gidenlerem bolupdy.
Beýleki goňşusy onuň gepini alyp göterdi:
-Mundan on ýyl töweregi öňüräk şu öýde ýaş gelin öldürilipdir.Kim öldürenini bilmän "öz janyna kast eden" diýip işi ýapypdyrlar.Ol gelin pahyryň hiç garyndaşy ýok ekenmi nämemi bilmedim,hiç kim soraglabam ýörmändir.Eşidişimize görä ärem dereksiz ýiten eken.Çagasam syrly ýagdaýda ölen.
-Näme,çagasam ölüpdirmi?
-Hawa bir ýaşamadyk çagasam bar eken pahyryň.Şondan soň her gije öýden kimdir biriniň aglaýan sesi eşidilýän eken.Ses sagat ikiler töweregi hasam güýçlenýämiş,anyk eşidilip durýamyş.Şonuň üçin bu öýi alanlar satyp gidýämiş.
-Şonuň üçin soradykda,sizi bimaza edenokmy diýip.
Aýjahanyň ejesi bu gürriňlere känbir ähmiýet berip oturman:
-Ýok.Bizä beýle gürriňlere ynanamyzok,şonuň üçinem hiç hili sesem eşidemizok-diýdi.
Aýjahan bolsa bu gürriňlere şeýlebir gyzyklandy.Aslynda beýle gürriňlerden gorkýanam bolsa,gyzyklanmasy gorkusyndan üstün geldi.Ol goňşy aýaldan:
-Ses haýsy otagdan eşidilýämiş-diýip sorady.Goňşy aýal içiňi ýakaýyn diýýän ýaly Aýjahanyň otagyny görkezip:
-Ynha şu otagdan eşidilýämişin-diýdi.
Aýjahanyň ýüzi üýtgäp gitdi,ýöne bildirmejek boldy.Hakykatdanam käwagt oýananda kimdir biri otagyň burçunda aglap duran ýaly bolýady.Ýöne Aýjahan düýş görýändirin öýdüp ähmiýet berenokdy ýada "Gorkunç kinolary azyrak görmeli" diýip pikir ederdi.
Aýjahan:"Indi näme etsemkäm?! Öýde başga boş otagama ýok.Öýdäkilere aýtsamam gülkä galaryn.Ýöne indi näme ederin.Nädip şol otagda ýataryn?!"-diýip pikirlenip başlady.
Ejesi gyzynyň pikire çümenini görüp:
-Aýjahan,näme bolýar? Ýa goňşularyň ýaňky gürriňlerine ynandyňmy? Akylly-başly diýip oturan gyzym beýle geplere ynanar öýdüp oýlamokdymam.Ilçilikdirdä aýdylan gürriň köp bolar.-diýdi.
Şundan soň ejesem,Aýjahanam bu barada gep gozgamady.Ýöne goňşularyň ýaňky gürriňleri Aýjahanyň ýüregine berk ornaşdy.Ol kellesinde müň hili pikirler bilen gününi geçirdi.Arwahyň sesi gelýän otagda nädip uklajak?! Bir tarapdan şony oýlasa,ikinji tarapdan belki arwah bilen gündizligine gürleşjek bolup göräýsemmikäm diýip hem pikir etdi.Sebäbi gije arwah bilen gürleşmäge "atyň kellesi ýaly" ýürek gerek.Ýigrimi ýaşdan geçip ejeň-kakaň ýanynda ýatmagam gelşiksiz...
Agşam düşüp başladygy saýyn Aýjahanyň aladasy artyp başlady.Sebäbi ol entegäm näme etjegini bilenokdy.Agşamlyk nahary iýip bolansoň her kim öz otagyna gitdi.
Aýjahanam gorkudan el-aýagy sandyrap öz otagyna ugrady.