gullnara_
07.09.2023 17:57

Ποωςα Αλγεωα:

Mähremjik.

(Bolan waka)

Mähremjik 3 ýaşynda. Ol üç doganyň ikinjileri. Özinden uly dogany gyz Merýem, soň Mährem we Didar

Aralary ýygy ýygy bolansoň ara tapawudy 1 ýaş, 1 ýaş 4-5 aýlyk ,bir birden tapawut etýar

Mähremiň ene atasy sada oba adamlary.

Maşgala täze gurlansoň Mährem dagy kiçijek wagty rysgallarny aýryp mellek ýere göçen

Oba durmyşynda kärende pagta meýdanda iş bolsa işläp iş bolmasa körpeçe Didarjygyň döwlet tarapyn berilýan kömek puly bilen ýaşap ýören maşgala

Bu Mähremjigiň maşgala durmyşyndan gysgaça maglymat Men bu bolan wakany agzalardan maslahat sorap, ruhy goldaw üçin açdym (Mähremjigiň ejesiniň haýyşy boyunça) Esasy meselä geçeli

Mähremjik 1.5 ýaşdan töweregi Jemal gelneje (Mähremjigiň ejesi) gaýynlary bilen rysgy bile ýaşaýar eken

Yzyndan gelin gelýar welin bu hojalygyň dawa jenjeli günde günaşa bolyp durýar.

Dawanyň başy hem arassaçylyk düzgünden başlaýar.

Jemal gelnejäň özi arassaçyl we işeňňir. Ol gelin bolyp bu hojalyga düşen güninden öz işeňňirligi ,mylakatlylygy bilen gaýynlaryna özini aldyrdy.

Gaýynlary hem Jemalda ,Jemaljan gelnim diýip gowy görýardiler

Aý gün geçip durdy. Basdaş ýüwürjisini öýerdiler.

Bu alan gelin gelin bolyp gelen güninden Jemal gelnejaň keçebesini darykdyrýardy .

Yzyn gün äri bilen jaýdan çykman otyran gelnine ,gaýynlarnyň hiç zat diýmeýanine jany ýanyp gaýynenesine arzyny aýtýardy

— daýza menä indi öz mellek ýerime göçerin welin, iň bolmaňda size nahar çaý berjek bolyp alada etýanin şu gelniň ýagdaýyn göresim gelýar.

Ýöne näme üçindir onyň göwni bir ýaly nahar iýýar, öz jaýyna geçýar, iýen ýalagyny ýuwmalydyra, beýledebir hapysa gelin bor eken. Gelin bolyp gelenine 1 ýyl bolyp barýara, gelenden bäri eline süwse alyp görenoga. Kirlerimä baldyzym kir maşyn işletse utanman getirip gitýar.

Şoňa düşündirip bilýansiňä. Azajyk haý küş diýeweri. Bizä wagtlaýyn, baldyzym hem çykar gider soň hapa bulaşyp otyrjakmyka?

- wah gelinjan men nädeýin döküp saçyp alamsoň bir zat diýmägede çekinýan ,goşyn alyp gidiberse näme, men nädeýin oglymyň heleý alyp heleýi bilen bolyp, iki garryny unutjagyn

— şondada ony muny et diýeweri menä diýsem derrew urşar:- diýip Jemal jany ýanyp öz işi bilen boldy Günlerde bir gün bular uly malyň kelle başaýagyny alyp gowuraly, gowurdak edip pitä salaly, gyssanan wagtymyz atynyp iýsek, diýip kellebaşaýak aldylar

Uly malyň kellebaşaýagy bolansoň Jemal bilen baldyzyna iş boldy.

Mähremjik şo wagt dümewlidi. Jemal gelneje öýinden çykman otyran eltisine gahary gelýardi. Ol Mähremjige dermanyn içirip göterip eltisiniň jaýyna kürsäp girdi we äri bilen kikirdeşip otyran eltisine awusyny pürkdi

- Şo etden sizem iýýaňiz, bir ýyl bolyp barýar,ýyllap gelinsirap otyran ýok, içeri daşary, nahar şor bilen işiň ýok, iň bolmaňda şu çaga dümewli halyna aglap otyranyn eşidip otyrkaňyz şuňa bir seredişeýin diýip çagalara seretmäni hem özüňize kiçilik bilýaňizmi.

Mähreme seret diýdide Mahremjigi eline tutdyryp gaýtdy

Gelip ýene kellebaşaýagy bilen boldy

Ony arassalap dograp, gowrup otyrka birden Mähremjigiň çirkin sesine zährasy ýaryldy. Öýe ylgady. Jemal gelnejäniň aýagy aýagyna çolaşýardy .

Baryp görse bir termiz ýaňy demlenip gelnen gyzgyn çaýy sag eliniň üstunden guýan Mähremjigi görüp, tasdan eltisini urupdy.

Gyzyny bagryna basyp derrew etrap hassahana äkitdiler. O taýda 10-15 gün ýatyp ondan hem Aşgabata gorerdiler. Aşgabatda hem 1 aý ýatymlaýyn bejergi alyp öýe geldiler. Netijesi çagany wagtyň geçmegi bilen operasiýa etmelidi

Mähremjigiň eljagazy gyzgyn çaýa bürüşdi

Eliniň hereketi ýokdy

Jemal öýine geldi. Ol balajygynyň demine degmese kaýyldy ,ýöne indi ol eltisini görse gahary gelýardi, ony itden beter ýigrenýardi, ýöne gaýynlarynyň ugrynda kökenek bolyp ýörşi bolsa, derdini ýeňletýardi.

Mähremjigiň ömür maýyp bolyp galmagyndan örän gorkýardy

Eltisiniň bolsa göwni bir ýalydy hatda göwni üçün ötünç hem soramady, belalygyna özi hassahana wagty gowurdakdana iýmäni bilipdir, emma öžine seretmäni bilmeýanine diňe jany ýanyp geçýardi

Sagaman ýaz çyksa öz mellegine kiçiräk jaý guryp göçesi gelýardi

Jemal günlerde bir gün eltisini bir hepdeläp yzarlady

Bir ýyl bolyp barýan gelin heniz çagasy ýok, ýöne ,onyň hiç bir hepdäň içinde banýa girenini görmedi.

Onyň göwnüne her hili pikir kellesine geldi

Ol saklanyp bilmän bir hepde diýlende eltisinden

— gelin bir sorajak ýöne hudaýlygyň sözle

- aýdyber näme boldy

- men bir hepde bäri seni synlaýan we yzarlaýan welin, sen näme ýoldaşyň bilen bile bolmaýarmyň

- bolýan hä

- a sen bile bolanyňdan soň türkmençilikdede, medisinadada şondan soň bedeniňi tämizlemelidigin bilmeýarmiň

- ýok hä hökmanmy suwa düşmek kirlan wagtym düşerinda, ondan soň her gezek suwa girjek bolsaň banýa göçüp barmaly bolaýmasam:- duýdi welin Jemalyň gahary depesine urdy

Bu gezek saklanyp bilmedi. Onyň gohyna gaýyn enesi ylgap geldi

Jemal gaýyn enesine bir ýyllap bu hojalygyň hiç rysgymyz galanok ýöne keselçilik, onymyz onymyza ýetenok welin bu haram eli bilen biz bilen otyryp çörek iýýar ekenä, gap gaçlary elleýar, çörek elleýar

Sen utanmaýarmyň öýde ýaş çaga bar iň bolmanda girip çykaňda eliň bilen işigi açýaň, haram eliň bilen, seniň ellän ýeriňden çagalar elleýar ,heniz durmyşa çykmadyk gyz elleýar.

Heý bir türkmençilige şu zatlar girýarmi. Durmyşa çykmadyk gyzyň bagty açylarmy, haram halyňa öýden girip çyksaň, bar banýa gönel, diýip eltisini süssenekledip banýa saldy we daşynda özi durdy

Ol banýadan çykanda

- hudaýlygyň aýt gowy ýuwundyňmy

Eltisi gözin ýaşyn süpurip

- howwa: - duýdi

- indam şu günden beýlak her gezek ýoldaşyň ýanyňa gelaýse banýa hökman girgin, seniň ýamanlygyňa çapamok, ýaşajyk halyňa üsti başyňa seret, üstüňden gelýan ýakymsyz yz zerarly seni yzarlap başladym, bagyşla welin,ömür ýadyňda sakla haram bilen halal bir gazanda aşy gaýnaýan däldir: -diýdide öz otagyna Mähremjigi bagryna basyp gitdi

Şol wakadan soň hojalygyň bar aladasy Jemaly agzala bolmaňkalar öz mellegine göçürmek bilen boldylar

Kiçirak jaý guryp sanlyja wagtdan mellek ýere, molla getirip pata alyp, gazygyna aýdylan bir janlyny soýyp sadaka edip göçürdiler

Ýöne Jemal aýra ýaşasada bir aýagy gaýynlaryndady. Baldyzy durmyşa çyksa bu iki garryny bärde goýmajagyn çürk kesik aýdypdy, öz jaýyna olary alyp gaýtjakdy ....

Jemal indi öz yurdynda ýaşap ýör. Mähremjigi bolsa operasiýa etmelidi. Öýde üýygeşik işläp ýören bolmasada aralyk durmyşy bardy. Il gün üçin ýorgan ,ýassyk, düşek tikip satýardy. Ýoldaşy bolsa aralyk aýlyk getirýardi. Maşgala agzybirdi, şadyýandy, ýöne keselçilik zerarly gazanylan barja pul Mähremjige gitýardi ..

Mähremjik mährem diýseň mähremdi ,ejesi ýaly işeňňirjedi, bir eljagazy bilen ony muny eden bolýardy.....

Mähremjige maýyplyk pul hem tölenenok

Ýanymda meniň hem şo wagt ummasyz pul ýokdy ,barjasyn berip dermanyny alarsyň diýip Jemal gelnejä beremde aglap gujaklady we şu size gürruň beren wakamy gürruň berdi.

Geleňsiz eltisi sebäpli bolan wakany her gezek ýatlamda ýüregim agyrýa diýip aýtdy

Men Jemal gelnejä Gyzyl ýarym aý jemgiýetine ýüz tutmagyny maslahat berdim

21
213
ayuada
8 Sentýabr 2023
Bisen yalnys yazdym
ayuada
8 Sentýabr 2023
Menin durmusyma menzayan eken menin hem cep elim bosend
sha98
7 Sentýabr 2023
Menem on okadyn
myrataly_
7 Sentýabr 2023
On okapdym
lola
7 Sentýabr 2023
Gaty tasirli öň hem okapdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.