gullnara_
06.09.2023 06:57
Ynsanyň daş keşbi bilen onuň hüý-häsiýetiniň arasyndaky arabaglanyşygy barada uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen derňewlerdir synlaryň netijesinden diňe käbirini gyzykly maglumat hökmünde siz üçin toplap dykgatyňyza ýetirýäris.

Maňlaý barada

Giň maňlaýly adamyň meselelere akyl ýetirişi beýlekilerden tapawutlanýar, olaryň islendik zady hyýalynda janlandyrmaga ukyby bardyr. Aram maňlaýlylyk bir boluşlylygyň we ukyplylygyň alamatydyr. Açyk maňlaýlylyk bolsa alçaklygy we jomartlygy aňladýar. Kimiň saçy maňlaýyny örtüp duran bolsa onda ol adamyň diýseň ünsli adamdygy, işine jürdügini we her bir hereketine diýseň seresaply çemeleşýänligini aňladýar, şeýle hem olar hasap hesibe ökde bolýarlar.

Gaş barada

Ýokary galyp duran gaşlar hereketliligiň, tiz gaharlanmagyň alamaty hasaplanýar. Aşak egrelip duran gaşlar eýesiniň häsiýetiniň mylakatlydygyny, öz golaýlaryna eýe çykyp bilýänligini, adamlar bilen çuň we hoşniýetli gatnaşykda bolýanlygyny görkezýän alamatdyr. Inçe gaşly kişi çeýe, ýiti akylly, başarjaň bolýandygyny, emma çalt basylyp boýun egýändigi barada aýdylýar. Galyň we gara gaşly adamlar dogruçyl, kiçi göwünli bolýarlar. Uzyn gaşlylar bolsa güýçli, tutanýerli häsiýetde bolýarlar. Gysga gaşlar eýesiniň parahat häsiýetlidigini görkezýär.

Göz barada

Gözi uly kişiler açyk, sypaýy, ynamda ýöne az kem ýalta häsiýetli bolýar. Gözi kiçi adamlar ünsüni bir ýere jemlemekde ökde bolýarlar, häsiýetleri gowşak bolup özüne erk etmekde kynçylyk çekýärler. Ne uly ne kiçi aram gözler bolsa asylly häsiýetiň alamaty diýlip hasaplanýar. Içine çöken çukur gözler agras, syrly kähalatlarda bolsa rehimsiz kişilere mahsus görülýär. Daş tarapy aşaklygyna eglen gözler bolsa özüni başgalaryň ýerine goýup bilýän kynçylyklary öňünden aňyp bilýän rehimdar adamlara mahsusdyr.

Burun barada

Dar burunly kişiler köplenç derňeýji häsiýetli bolýarlar. Burny giň kişiler bolsa özüne ynamly adam, başarjaň lider hökmünde tanalýarlar. Kiçi we gysga burunly kişiler özünden göwni hoş kişilerdir, kähalatlarda gysganç bolýarlar. Burny ýassy adamlar parahatlyk söýüji häsiýetli bolýarlar, olar jomartlygy eli açyklygy bilen tapawutlanýarlar. Kimiň burnunyň ujy ýiti bolsa bu onuň bilesigelijidigini aňladýar, olar tiz gaharlanýarlar.

Dodak barada

Uly dodakly adamlar häsiýeti taýdan batyrgaý, dogumly söweşjeň ruhly hasaplanýar. Inçe we insiz dodaklar eýesiniň şan-şöhraty halaýandygyny görkezýär. Kimde inçe we pes dodaklar bar bolsa olar az hem-de uz gepleýän adamlardyr. Ýogyn we galjaň dodaklar köp geplemegiň alamaty hasaplanýar. Şeýle hem ýogyn dodakly adamlar keýpi sapalygy halaýandygy bilen tapawutlanýar. Aşa uly aşaky dodak bolsa ýaltalyga maýylganlyk diýlip düşündirilýär.
17
51
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.