Bagyşla!
Şo gün seň gelerňe garaşyp durkam,
Bir gözel gyz bilen sen gidip barýaň.
Ynan,şonda şeýle begendim, bilseň,
Tebigat saklanyp bilmedi,arman...
Şo gün ähli baglar ýapragyn dökdi.,
Ähli guşlar gyrdy birden ganatyn.
Ýalan sözläp nämedeýin özüm-ä,
Ýanyňdaky gözel gyzy haladym.
"Ony edil meň söýşüm deý söý" diýip,
"Edil men deý aýa"diýip hut şo gün,
Seň owadan gözleň saýlan gyzyna ,
Sogrup ýüregimi beresim geldi,
Arman...
Arman, ony öz ýerinden tapmadym,
Bagyşla...♥♥
Laçyn Pürjäýewa