milasxka
05.09.2023 00:16

Deñ-dushlarym göwne degse,

Gelip öýe öýkeli,

Edip çaga bezzatlygym

Gaçyrmasam keýpiñi.

Gaýtadan men çaga bolsam,

Ýash bolsam.

Ulalmasam.

Didaryña zar bolmasam,

Ulalsam.

Sen ölmeseñ.

Awtory Aşyrmät Garlyýew.

* * *

Men halys ýadadym, eje!

Gapyl dünýäň görgüsinden, alyndan.

Ýyllaň penjesiniň yzy galypdyr

Birçak seniň demiň düşen alnymda.

Men halys ýadadym, eje!

Bu ýollaryň hupbatyndan, tümünden.

Süýnýän ýyldyzlardan, agyllan Aýdan.

(Ejizlik däl, mertligem-ä däl welin),

Çawlanda ýüzüňi hazanyň ýeli

Sowuk gijelerde üşeýär adam.

Gyşlar sowuk, eje,

Ýat iliň gyşy hasam.

Armany bolmazmy mert bolan merdiň,

Dermany bolmazmy dert bolan derdiň,

Gülgüne ömrümi gülgün hyýala,

Ömrümi ýollara rowana berdim.

Ýyllara aldyryp çagalygymy,

Juda daşda galandygna düşündim.

Geýim deý sypyryp çaga gylygmy,

Bu zatlaryň ýalandygna düşündim.

Çalaran saçlarňa gurban bolaýyn,

Eziz, ejem, berme gözlerňi ýaşa.

Men bu ýolda herne bolsam bolaýyn,

Sen bir, sen bir, sen bir umytda ýaşa.

Ogluň Eýýup kibi derdine çydar,

Derdimem ýok meniň il aglar ýaly.

Zeminde sen, eje, asmanda Huda,

Başga kim galypdyr bil baglar ýaly.

Sergezdan balalar ir-giç hor bolsa,

Enesiniň huzuryna gelýändir.

Diýgin, eziz, heläk bolsam ýollarda"

"Adalat agtaran ýolda ölýändir".

Çölde bolup Hydyr görmän,

Ilde bolup gadyr görmän,

Mydam alyp durman gamyň huzuryn,

Bar-a meňem derdinmäge hukugym.

Ýüregim gözýaşly küýze,

Çeşmim gark edip gutaryn.

Peýda bolsun diýip ile,

Aglap dünýäň derdi üçin

Baryn sarp edip gutaryn.

Gulaklam ýadady, eje!

Kän gepler eşdip minnetli.

Ýasama ýüzleň derdinden

Didelermiň nury gitdi.

Aýaklarym halys boldy,

Ýowuz ýollaryň kadasy.

Ellerim ýadady, eje!

Gerek wagty bogazymy

Owup biljek, bogup biljek

Elleri gysyp ýadady.

Ölüm däl maňa hatarly,

Sebäp olam ýaşaýyş deý

Bary-ýogy bir sapardyr.

Ýyldyz köräp ýaşyl yş deý

Alawlap ýanýar ýokarda.

Men halys ýadadym, eje!

Awtory Gurbandurdy Orazow.

*

Eje, guş deý uçup gitsem-de, bir gün

Ganat ýaýyp gelerin seň ýanyňa.

Hem gaşyňda ýüzüm sallar otyryn

Düşünmän nämüçin aglaýanyňa.

Bolmalysy şeýledir-dä, ejemiz

Ekläp-saklap, ýaňy sana goşanda

Gitmek bilen boluberýäs, diýýäs-de:

"Eje, men-ä ugramakçy, hoş onda!"

Eglenjekdim entek seniň ýanyňda

Kiselem aşykly, jübim şänikli.

Sen pikirem eden dälsiň ogluňa

Başga biri bolar öýdüp şärikli.

Ýöne nirde bolsam-da men, şu mekan

Hem mydam seň çirksiz mähriň küýseler.

Emma, eje, aglamagyn iru-giç

Iller: "Indi ol biziňki" diýseler...

Awtory Atajan Annaberdiýew.

*

Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň,

Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň.

Juda ýagşy suwlar bilen teşneligmi gandyryp,

Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň.

Güldür atyr sepmekçidiň ýollaryma, yzlaryma,

Goraň muny diýmekçidiň meniň söýjek gyzlaryma.

Ýetmezimi ýuwmakçydyň, ýagşyň ýeri ýuwşy ýaly,

Öz mähriňi bermekçidiň gury çykan sözlerime.

Sen meni ýaman gözlerden gorap saklap bilmediň,

Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklap bilmediň.

Iliň içýän suwy bilen teşneligmi gandyrdyň,

Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöpläp bilmediň.

Hemmelerden artyk borum islediň sen başky günüm,

Ine, görseň iliňkiden ne artyk, ne kemdir günüm.

Ýöne käte nämüçindir ýa şat bolsam, ýa-da girýan,

Örän, örän, örän tanyş sesiň bilen öýe girýäň.

Ine, durun seň öňüňde sakal-murty gelişiksiz,

Nämüçindir arzuwyň däl, nämüçindir tagaşyksyz.

Bu dünýäniň bir ajaýyp, bir gazaply kanuny bar.

Bolmaly, bolmasyz zatar enä hiç geňeş salmaýar.

Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,

Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem.

Awtory Gurbannazar Ezizow.

* *

Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün,

Başymda-da alada ýok, söweş ýok.

Ömrüň galan menzilini sanmaga

Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.

Indi sabry-kararym ýok çykmaga

Meýlis keýpi bilen säher düze-de.

Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,

Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri

Birmahal hilesiz geçirjekdim men.

Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip,

Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men.

Oňat işleň başynda-da durmadym,

Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda.

Belki, şoň üçindir ýagty dünýede

Söýen ýokdy meni ejemden başga.

Siziňem şäherňiz ýaranok maňa,

Meger bärde uzak durmasam gerek.

Gözlemeli borun nämedir bir zat

Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek.

O belli, ýüregmiň boşan künjüne

Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly.

Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş,

Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.

К . Аtаyеw

14
117
mandarin
7 Sentýabr 2023
Salam teswirlere gelenok oykelwdinmi menden
mandarin
5 Sentýabr 2023
@awgust, gosga ogurlamok surata ogurlayan😁😁😁
mandarin
5 Sentýabr 2023
Menem aslynda like un gosgy yazamok
Miss_Minnosh❤️
5 Sentýabr 2023
@mandarin, 🤣
mandarin
5 Sentýabr 2023
@awgust, duzeders başlyk 😁😂🤣
Miss_Minnosh❤️
5 Sentýabr 2023
@awgust, her kimde gosgy duzmek yazmak ukuby yok ol kore belli zat adam bilyan zadyny paylasya sutayda ...ozn doredip paylasmaly diylen zat yok
mandarin
5 Sentýabr 2023
@smart_girl, bolup biler😏
Miss_Minnosh❤️
5 Sentýabr 2023
@awgust, ola nadogry dusunje bagyslañ welin
mandarin
5 Sentýabr 2023
@awgust, bolup biler😏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.