Söýgi möhümmi ýa-da ynam diýýänler üçin...
Goşa gumry.
Men Oraz bilen bir köçede ýaşaýan, ola ýolyň o çetinde, menem bu çetinde.
Onyň bilen aýym günüm hem bir günde ,ola gündüz bolan, menem gije. Enemiz atamyz, bize şol döwür ýanaşdyryp at goýupdyrlar ,ola Oraz menem Jemal
Men özümi bilip, iýen her bir döwüm çöregmiz onsyz aýra gitmedi
Çagalar bagyna bile gatnadyk. Mekdebe bile gatnadyk.
Bize diňe enemiz atamyz däl tutyş obada goşa-gumry diýerdiler.
Bizi aýra gören ýokdy.
Biz nirä gideli, nirde bolaly tapawudy ýok, şol bolşymyz, elmydama biledik.
Goşa gumry ýaly tirkeşip ýörerdik
Oraz gullyga gidende, meni onyň doglan gününe, kasam kabul edişik gününe äkidipdiler
Ikimiziň aramyzda söýgi ýokdy. Söýgi barada bir gezek hem gürrüň etmedik.
Ol hem dil ýarmazdy, menä hiçem aýtmaly bolamda-da aýdyp biljek däldim
Ýöne bizi hiç bir güýç aýryp bilmezdi.
Men dümewlesem Oraz ýanymdan aýyrylmazdy
Oraz gullykdan gelensoň obadaky bugdaý ammarmyzda işläp başlady
Bir gezek maňa gudaçylyga gelenlerinde, ol ylgap öýe geldi we şu çaka çenli aýdyp bilmän sözin aýtdy
- Jemal gitme, men sensiz ýaşap bilmen - diýdi
- Bu näme söýgümi, gidemoga men..
— Söýgi bolmasyn, ýöne şonda-da,meni taşlap gitme, men seni öz gelnim edip aljak
— Ejem dagy name diýerkä göreli— diýip jogap berdim
Şol gije gudaçylyga geldiler we ejem dagy —gyzymyzy başgalara düzüp biljek daldik . Şu Orazjan bile bileje goşa gumry ýaljak,bolup önüp ösdi.
Biz ony diňe Orazjana bereris diýdiler
Meniň toýyma kan wagt gerek bolmady.
Toý sähetim bellensede Oraz bilen toý sebapli gurleşemokdym,el hem degenokdy, toý başagaýlygydy
Ola hiçem agzanokdam.
Toýmyzdyr hem öýdenokdy.
Ol kiçilikden bäri öýde önüp ösensoň ,guda bolulandan soň hem öýiň keltik peltik zatlarny özi edişdirip ýördi.
Aýal doganym:
—Giwww azajyk utana waý, sen bu öýiň basym körekeni bolýaňa, diýse:
— Jemal doganyň meni kowýar, ýa-da ejeme - Suraý eje muňa seret meni kowýar, diýip arkaýyn girip çykyp ýördi
Men bolsa guda bolnansoň olara barmadym, çekindim, öň bolsa beýle duýgy ýokdy.
Orazyň ejesi Ogulbossan ejem bir işi çyksada kömekleş diýip alyp giderdi. Umuman Oraz ikimiz bu iki öýiň arasynda ulandyk
Bu meniň dirmyşym.
Bu hekaýajygyň üsti bilen men tutyş tanaýan we tanamaýan internet joralarma we dostlaryma ýekeje bir zat aýdaşym gelýar
Durmyşda söýgi hökman gerek ,ýöne ynam birinji.
Maňa Oraz bir gezek hem söýgi barada söz aýtmady,ýöne ol mensiz ýaşap bilmez, menem onsyz
Ol bir gezek hem söýgi barada dil açmady, menem açmadym
Ol meniň bu durmyşdaky taýym, ýagny ýarty göwräm, menem onyň ömri.
Ol bir zat diýse hökman şo zat bitaýmeli,men onyň gözüne seredemde aňýan we bitirýän, a meniň aýtjak zadym bolsa ol meniň gözümden okaýar, aňýar we hökman bitýar
Men onyň bilen bagry badaşan ýaly, meniň bedenimiň hereketi diňe şoňa bagly, oňky bolsa maňa ....
Durmyşda her bir adam söýgüden, ykbaldan taýmasyn
Maşgala ojagy berk gurylsyn....
Bagtly bolyň!
Awtordan:
Bu goşa gumry ýaljak bagry badaşan ýaş juwanlaryň aýyň 22.08.2016 toýy boldy
Iki hojalyk bolyp bir toý edýaler
Hekaýajygy ýadygärlik üçin ýazdyrdy we men ýaşlara uzak uzak ömür we bagtly maşgala ojagyn arzuw edýan
Bagtly bol Jemal+ Oraz!
Nowça