BIR SENI
Gel ezizim, gel sen gündiz-gijeler
Isle asuda gün ýa gaý tupanda
Gelseň ýaltanmaryn açmana gapym
Oýakam, ukyda parhy ýok onuň
Diňe sen diýp urýar ýüregim meniň
Men seni görmesem gamlanyp gezýän
Sebäbi durmuşda bir seni söýýan
Gel ezizim, gel sen ýylyň dört pasly
Aýrylma ýanymdan synlaýyn seni
Gyşda sowuk diýmän, tomus hem yssy
Gandyr gül keşbiňden gandyrgyn meni
Görmesem jemalyň men ýanyp-köýýän
Sebäbi durmuşda bir seni söýýän
Asman ýyldyzlarynyň biri bolsaň hem
Gije görnüp gündiz gözümden ýitme
Gül jemalyň gizläp intizaryňdan
Yşkyň derýasyna gark edip gitme
Saňa gözelligiň nusgasy diýýän
Sebäbi durmuşda bir seni söýýän