gullnara_
02.09.2023 06:59
ÝENE-DE ENE HAKYNDA

Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler,
Sadagaň bolaýyn, ene.
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.

Ýene-de galamy almaga ele,
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler, üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün.

Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde,
Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak
Perzentleň enäni terk edenligi,
Enäň bolsa haram ölenligi hak.

Men muny ýazmadym belli bir ýerde,
Ýazdym dürli ýerde, bölekme-bölek.
Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda
Indi bolsa başyn jemlemek gerek.

Alty sany çaga dem beren ýürek,
Görmändir olardan bir demlik wepa.
On aýlap ýatypdyr keselhanada
Kä penjirä bakyp, käte-de gapa.

On aýda üç gezek görnüpdir üç gyz
Erkek göbekliden gelmändir hiç kim.
Aýaga galypdyr, äkitmändirler
Ýygnaň diýip suddan gelipdir höküm.

Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip,
Oglunyň işigne geçipdir taşlap.
Ne ene etaža çykyp bilipdir,
Ne ogly ýokardan düşüpdir aşak
Şol ýerde sowukdan gatapdyr ene.

Niçiksi derejä düşdüň sen, ahlak?
Bu waka nä mahal, nirede boldy?
Diýip maňa sorap berýärsiň ýene
Nirede, nä mahal – näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?

Ene ynsanýetiň tutuş geljegi,
Hem şu güni, hemem ähli geçeni.
Depäňden müň bela inermiş agşam
Irden birje agladaýsaň ejeňi.

Terjime edipdim Resul şahyry,
Matam büräninde daglaň içini.
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr
Resul oglum, agyrtmagyn ejeňi!

Meşhur bolmasa-da meniňem atam
Goşgy ýazman çalartsa-da saçyny.
Şol sözdi onuňam iň soňky sözi,
Ýalňyz köşek, agyrtmagyn ejeňi!

Soň-soňlaram baryp mazarystana,
Bagrym oýkap, gowzudamda içimi,
Ses çykýan ýalydy köne mazardan
Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi!

Ýowuz günde aýlanypdyk bileje,
Atgyrany, Gaňňalyny, Tejeni.
Belki özüm duýman agyrdandyryn,
Ýöne duýup agyrtmandym ejemi.

Elimden gidende ilkinji söýgim,
Gürrüň berenimde başdan geçeni,
Enem bir aglapdy..
Diňe men şonda birje gezek
Agladypdym ejemi.

Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
Ýa agardan bolsam birje saçyny,
Olam meň günämi ötmedik bolsa,
Gaýdyp beriň, razy etjek ejemi.

Ýok, ýok, ol
Müň kerem razy!
diýipdi.
Soňam gitdi, boşap galdy içeri.
Indi özüm wesýet edýän ogluma,
Agyrtmagyn, aglatmagyn ejeňi!

Bu wesýet wesýetden wesýede geçip,
Gowşup bütin dünýäň ogullaryna,
Agtyklaň dilinden çowluga ýetip,
Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna.

Hawa, üç ogully, üç gyzly ene,
Göwsünde bitirip alty ýapragy,
Olary saraltman özi saraldy
Şu günem girmeli ene topraga.

Bu waka nä mahal, nirede boldy?
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene
Daşdamy, ýakynda – näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?!

Kaspi kenarymy, Wolga ýakasy
Murgap jülgesimi – ýokdur tapawut.
Alty balasyna uzak ýaş diläp
Gabrystana barýar eneli tabyt.

Tabydy özgeler göterip barýar,
Diňe burny çapyk ortanjy ogul,
Bir minut göterdi..
Onyda derrew
Götermekçi bolsaň täzeden dogul!

Diýýän dek bir goja yzyna itdi
Tabyt dowam etdi ýoluny ýene,
Alty köşegine uzak ýaş diläp.
Söňky öýüne barýar ak saçly ene,

Biz nälet okýarys, ol ýaş dileýär.
Bir ýol bilen barýar iki contrast
Oýlandym, ölçerdim – çykmady basym
Köpüňki rastmy, enäňki rast?

Enäni baýdak dek göterip barýas,
Näçe belentlige galdyrdygmyzça,
Göýä daşlaşýan dek balalaryndan
Agram artyp ýere çökýärdi şonça.

Tabydyň yzynda ýüzlerçe kelle,
Göýä akyp barýan gara derýady.
Ene bolsa şol kelleleň üstünden
Balalaryna ömür diläp barýardy.

Ol ömür dileýär, biz nalyş edýäs,
Biziň düşünjämiz ters gelýär enä.
Ýeri aýt, perzentler bigünä bolsa,
Onda kimiň günäsikä bu günä?

Belki, hol barýanyň günäsidir ol,
Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp
Goşgular okaýar. Enesi bolsa
Gedaý gezip öldi, kaloşy ýyrtyk.

Belki, hemmämiziň günämizdir ol,
Megerem, märekäň içinden dartyp
Özümi süýrekläp çykarmalydyr,
Megerem, mendirin hatarda artyk.

Birdenem märekäň hataryn kertip,
Wazlap geçip gitdi "02" maşyn.
Görnüp gitdi gara tumşukly adam
Süýnüp gitdi limon reňkli maşyn.

Megerem, şol tumşugy ýazgarmalydyr,
Ykbalyň ak tumşuk bermäni üçin däl-de
On ýyl ozal jaýlanan enäň
Mazaryn bir gezek görmäni üçin.

Şol enäň mazaryn gördük biz bir gün,
Ortasy çöküpdir, gapdaly hin-hin,
Goňşular düzedip geldiler şu gün
Beýik ogly işden goýmazlyk üçin.

"Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için
Wagtym ýok" diýenmiş çinownik ogul.
Eý ynsap, nähili sepgide ýetdiň?
Şeýle nadanlary bog ya-da bogul!

Bir başly, ýüz işli, müň dertli Lenin
Ene guburyna edip zyýarat,
Hepde-de bir gezek sežde eden bolsa,
Indiki haýyşym şundan ybarat.

Şeýle hyýanata uly jenaýat
Hökmünde seredip ýokary sowet,
Jeza kodeksine bir madda goşsa
Meger ynsan ogly bolmazdy böwet,
Hem-ä ene Watan dynjyn alardy,
Hemem has döwletli bolardy döwlet.

Tabydy göterip barýardy millet,
Şäheriň kiçijek köçesi bilen.
Goşulan goşulýar, goşulmadygam
Hoşlaşyp galýardy ejesi bilen.

Köçäniň ugrunda çal saçly adam
Import pežamaly, import köwüşli,
Göýä ýüzi-gözi-de imporda meňzäp
Märekä bakyp dur dürli röwüşli.

Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden,
Güjeňläp haýbatly derejesini,
"Tüweleme, tüf-tüf!" bir garny bilen,
Bekläp dur şäheriň bir köçesini.

Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal
Berip ýorganlaryň könejesini,
Ýer ýok diýip on otagly jaýyndan
Ketege göçürdi öz ejesini.

Şondan bäri onuň habary bardy
Ne-hä şol ketekden ne ejesinden,
Ýygnan puly bolsa harammy, halal
Agypdy amanat depderçesinden.

Megerem şolardyr – ýagny, bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap, kellämiz gyzyp,
Kasparowdan ozup, Karpowy pyzyp,
Ynsaby basgylap, wyždany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne-hä enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de ikibarmak essalam ýazyp,
Hawa, hut bizdiris, diňe bizdiris
Hasrat getirýänler müňlerçe enä
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kopirkadan geçen ikinji nusga – ikinji günä.

Megerem şeýledir, şonuň üçindir
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi,
Şübhelenme parasatly enä sen.

Megerem şeýledir, uşak günäden
Halas däl bolsa-da bu juwan nesil,
Senden gören zadyn öwrendi çaga
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!

Atadan hannaslyk öwrenen ogul
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege gocuren bolsa,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.

Hawa, bu şeýledir, belanyň körügi –bizdedir.
Çagany näletleme, bes!
Günämiziň asyl nusgasy hakda
Oýlanaryn diýseň enä gulak as.

Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümiz ýadymdan çykan eken tas.
Biahlak gullaryň günäsi hakda
Oýlanaryn diýseň enä gulak as.

Enä gulak asdym, şu goşgyny-da
Men dälde eneleñ paýhasy goşdy,
Şeýdibem döredi ene pähminden
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy.

Kerim GURBANNEPESOW
19
70
wolf
2 Sentýabr 2023
Tüweleme ûstûnlik, gutlaýan 200nji postuñ bilen 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.