NÄME ÝETENOK MAŇA
Näme ýetenok maňa elenýär ýürek
Pikirim garyşyk duýgulam gowşak
Ýaşlyk ýyllaryma gaýdyp barýaryn
Ýitiren bolsamda, men ony bir çak
Ýyllar bilen bile ýitmän aňymdan
Ýüregmiň törüne goýýarsyň gadam
Görmesemde hyýalymda ýaşaýaň
Ýitmeseň bor, muňa ederin çydam
Ýürekden syzylyp gözlerden çykan
Merjen dänelerniň daman ýerleri
Gülzarlyga meňzesede daşyndan
Ýatladyp dur şol hupbatly günleri
Dilim – dilim parçalanan ýüregiň
Ýyllar bilen ýimez eken yzasy
Ykbal bize ýowuz daraşar ýaly
Mukaddes söýgiň hem barmy günäsi
Söýgüde günä ýok, günä adatda
Ýaş beýnini aldadylar elbetde
Indem çekip ýöris aýralyk dagyn
Çekerisem diri bolsak aýatda
Aramyzy böldügiçe giňişlik
Şonçada ýakyn sen, şonçada artyk
Ýitip gitme bu durmuşyň ümründe
Hormatym bar saňa söýgümden artyk