Kafeniň ady hakda hekaýat
Biri bazaryň gapdalynda kafe açypdyr. Emma onuň kafesine düýbünden diyen ýaly müşderi gelmändir. Sebäbi bazaryň daş-töweregi ondan has öň, uzak ýyllaryň dowamynda işläp ýören, şonuň üçinem adamlaryň barmaga endik eden kafelerinden doly ekeni. Birnäçe wagtlap öz kafesinden hiç hili girdeji almadyk telekeçi, näme işlejegini bilmän, puluna juda gysgansa-da bu ugurdan maslahat hyzmatlaryny yerine yetirýän hususy kärhana (konsalting firmasyna) ýüz tutupdyr. Marketing konsaltingi boýunça hünärmen ýaňky kafe gelipdir-de, kafeniniň adyny: "Üç jañ" diyip üýtgetmegi, girelgäniň ýokarysynda bolsa dört sany uly jaňy asyp goýmagy maslahat beripdir.
Öňem "konsalting hyzmaty" diýlip bat berlip atlandyrylýan boş warsaky üçin pul tölemäge mejbur bolýandygyna jany ýanyp duran telekeçinin bu maslahaty eşidip girre gahary gelipdir.
-Näme, adyny üýtgedeniň bilen kafeniň müşderisi artar öýdýärmiň?!-diýip ol gaharly hüňürdäp, öz-özünden beleň alyp çişip ugrapdyr:-Üstesine-de özüň-ä ony "Üç jaň" diýip atlandyrmagy, girelgäniň ýokarysynda-da dört jaň asmagy maslahat berýärsiň. Bu ýalňyş bolar ahyry?! Hä?! Geňeşçi hünärmen ýylgyrypdyr-da, hum ýaly çişen kafeniň eyesini köşeşdirmäge howlugypdyr:
-Gördüňizmi?! Bu ýalňyşlyk bada-bat siziň ünsüňizi çekdi. Diymek kafeňiziň deňesinden öten her bir adamyňam ünsüni çeker gerek?!
-Hawa,-diýip kafeniň eyesi onuň aýtjak bolýan zadyna düşünmändir.
-Onson ötegçileriň hemmesi bolmasa-da azyndan her bäş adamdan biris-ä size ýalňyşyňyz barada habar bermek üçin kafeňize sowlar gerek?!
-Hawa,-diýip hünärmeniň hilesine düşünip ugran kafeniň eyesiniň ýüzi ýagtylmaga başlapdyr.
-Ondan soňky galan zat bolsa siziñ eliñizde. Siz näme, kafeňize giren müşderini güler ýüz bilen özüňize imrikdirip, oňa yalňyşyňyzy tapmaga ýardam berendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirip, onuň iň bolmanda, birje bulgur kofe içip gitmegini, kofeniň ýany bilen bolsa ýekeje köke ýa-da başga bir süýjülik iýmegini gazanyp bilmersiňizmi?!
...Hemme konsalting boýunça hünärmeniň aýdyşy ýalam bolupdyr...