SENI ALAN ÝIGIT.
Seniň saýlanyňy synladym agşam, Bir ýigit görjekdim illerden aýra.
Her egne bir adam ýerleşer ýaly,
Gözleri jan algyç, saçlary buýra,
Bir ýigit görjekdim illerden aýra.
Ýöne weli beýle tamam çykmady,
Ýok eken oň ilden üýtgeşik ýeri.
Barjak bolsaň şu zeýilli ýigide,
Öz obaňda gytmy diýsene beri,
Wah, şonuň niresin haladyň, ýeri?
Ýok, asyl, aýdamok kemsitmek üçin,
Dogry, ol söýmezçe ýigit däl,
her hal
Eçilen mahalyň bagt diýen zady
Edil gözellige proporsional
Eçiläýseň nädýä, rehimsiz ykbal?
…Seni alan ýigdi synladym agşam,
Olam edil biz deý-ne artyk, ne kem.
Dilewar däl, görmegeý däl ýa-da bir
Akyllam däl… ýöne welin ýerçeken
Bize görä biraz bagtlyrak eken!